Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
23.03 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

22.03 2026

Gruziýanyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

22.03 2026

Gazagystanyň we meniň halkymyň adyna iberen hoşniýetli hatyňyzy uly hoşallyk bilen kabul etdim.

21.03 2026

Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Asylly däbe öwrülen bu giň gerimli ekologiýa çäresi Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky maksatlary ilerletmäge, jemgyýetde ekologik medeniýeti kemala getirmäge ýardam berýär.

21.03 2026

Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde-de ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.

21.03 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

21.03 2026

Sizi berkarar döwletimizde giňden bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dabarasy uludan tutulýan bu baýramda ýerine ýetiriljek joşgunly aýdym-sazlaryň, edebi-çeper çykyşlaryň, däp-dessur çäreleriniň, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, milli gymmatlyklaryň sergileriniň şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten medeni mirasymyzyň gazananlaryny giňden wagyz etmekde uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn.

21.03 2026

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda rysgal-berekede, toý-baýrama beslenip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, Watanymyzyň halkara derejedäki abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak ugrundaky döwletli işleriňizde hemişe rowaçlyklary arzuw edýärin.

20.03 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

20.03 2026

Hytaý Täze ýyly mynasybetli iberen gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Nowruz güni mynasybetli Hytaýyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Size, Hökümetiňize we halkyňyza baýramçylyk gutlaglaryny iberýärin.

824 sahypa
Soňky habarlar
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda