Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
Çap edildi 16.10.2026
35

Hormatly döwlet we Hökümet Baştutanlary!
Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi, bildirilen myhmansöýerlik hem-de netijeli işlemäge döredilen ähli şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

Liderleriň şu gezekki sammiti döwletleriň dünýäde biologik köpdürlüligi gorap saklamaga hem-de kabul eden borçnamalaryndan anyk hereketlere geçmäge umumy syýasy erklerini tassyklamak üçin mümkinçilik döredýär.

Türkmenistan BMG-niň Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýasynyň hem-de Kunmin-Monreal ählumumy Çarçuwaly maksatnamasynyň maksatlaryny hem-de ýörelgelerini yzygiderli goldaýar. Biz bioköpdürlüligiň azalmagynyň, howanyň üýtgemeginiň, çölleşmäniň we topragyň ýaramazlaşmagynyň ekologiýa howpsuzlygyna hem-de ýurtlaryň durnukly ösüşine gönüden-göni täsir edýän özara baglanyşykly wehimler bolup durýandygyndan ugur alýarys.

Hormatly sammite gatnaşyjylar!

Garagum sährasyndan başlap, Köpetdagyň we Köýtendagyň daglyklaryna hem-de Hazar deňziniň kenar ýakasyna çenli özboluşly tebigy ekoulgamlara eýe bolan Türkmenistan tebigy baýlyklaryň goralyp saklanmagyna döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garaýar.

Bu işde biz şu aşakdaky ileri tutulýan ugurlara esaslanýarys.

Birinjiden, aýratyn goralýan tebigy çäkleriň milli ulgamlaryny kämilleşdirmek, ekologiýa gözegçiligini ösdürmek, haýwanlaryň we ösümlikleriň seýrek görnüşlerini goramak. Halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ählumumy çarçuwaly maksatnamanyň maksatlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin biodürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasy we Hereketleriň meýilnamasy bu ugurdaky işiň möhüm guraly bolup durýar.

Ikinjiden, serhetüsti ekoulgamlary, haýwanlaryň migrasiýa ýollaryny we tebigy serişdeleri gorap saklamak maksady bilen sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek. Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyna, Aral deňziniň basseýniniň ekoulgamyny goramaga hem-de çölleşmä garşy göreşmäge aýratyn ähmiýet berýäris.

Bu wezipeleriň netijeli çözülmeginiň döwletleriň ylalaşykly hereketlerini, ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri hem-de hyzmatdaşlygyň uzak möhletli mehanizmlerini talap edýändiginden ugur alýarys.

Üçünjiden, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we tebigaty goramak boýunça halkara mehanizmleriniň kuwwatyny doly derejede ulanmak. Tebigy mirasy gorap saklamak hem-de ylmy barlaglary ösdürmek ulgamynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýäris. Bütindünýä mirasynyň “Aram guşaklygynyň Turan çölleri” transmilli obýektiniň düzümine Türkmenistanyň tebigy çäkleriniň girizilmegi halkara hyzmatdaşlygyň ekoulgamlary gorap saklamaga ýardam berýändiginiň aýdyň mysalydyr.

BMG-niň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda tebigy prosesleri ylmy esasda öwrenmek, suw hem-de deňiz ekoulgamlaryny gorap saklamak we ekologik gözegçiligiň usullaryny kämilleşdirmek ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi möhüm hasaplaýarys.

Bioköpdürlüligi goramak ulgamynda ählumumy maksatlary gazanmak üçin BMG-niň ulgamynyň ylmy, bilermenlik we institusional mümkinçiliklerini doly derejede ulanmagyň zerurdygyna berk ynanýaryn.

Dördünjiden, tebigaty goramak boýunça halkara borçnamalary berjaý etmek üçin ähli zerur şertleri üpjün etmek. Ösüp barýan ýurtlaryň maliýe serişdelerine we döwrebap tehnologiýalara elýeterliliginiň üpjün edilmegi, milli kuwwatyň pugtalandyrylmagy, şeýle hem genetiki serişdeleri ulanmakdan alynýan bähbitleriň adalatly we deňhukukly paýlanylmagy, şol sanda olaryň yzygiderliligi baradaky sanly maglumatlar möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly sammite gatnaşyjylar!

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygy we howanyň üýtgemegine garşy durnuklylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmegi dowam eder. Hususan-da, biz yzygiderli syýasy we bilermenlik hyzmatdaşlygyny alyp barmak, anyk başlangyçlary ilerletmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin açyk köptaraply meýdança hökmünde Aşgabat howa dialogyny döretmek ugrunda çykyş edýäris.

Çölleşmä garşy göreşmäge we gurak sebitleriň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Bu ugurlara ekoulgamlary gorap saklamak, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça toplumlaýyn halkara tagallalaryň möhüm bölegi hökmünde garaýarys.

Türkmenistan ösüp barýan ýurtlaryň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerini hem-de özboluşly zerurlyklaryny nazara almazdan, ählumumy ekologiýa maksatlaryna ýetmegiň mümkin däldigine berk ynanýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň 2024 — 2034-nji ýylar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda hem-de Awaza syýasy Jarnamasynda berkidilen çözgütleri aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa bilen baglanyşykly maliýe serişdelerine elýeterliligi giňeltmek, tebigaty goramak boýunça döwrebap we sanly tehnologiýalary paýlaşmak, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň täsirlerine durnukly infrastrukturany ösdürmek maksady bilen, halkara goldawyň işjeňleşdirilmegini zerur hasaplaýarys. Şunda adalatlylyk, raýdaşlyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bioköpdürlüligi gorap saklamak boýunça halkara tagallalaryň esasyny düzmelidir. Bu ugurda umumy ekologiýa maksatlaryna ýetmegiň bähbidine döwletleriň bilimlerini we mümkinçiliklerini, toplan tejribesini birleşdirmäge mümkinçilik berýän köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmleri, şol sanda Günorta — Günorta ugry boýunça özara gatnaşyklar möhüm orun eýelemelidir.

BMG-niň Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýasynyň taraplarynyň geçiriljek 17-nji maslahatynyň kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmäge we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşmaça itergi bermelidigine ynanýaryn.

Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirýän döwletler hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklaýar. Syýasy erkiň, ylmy maglumatlaryň hem-de amaly mümkinçilikleriň birleşdirilmegi häzirki we geljekki nesilleriň bähbidine Ýer ýüzüniň tebigy mirasyny gorap saklamaga mümkinçilik berer diýip hasaplaýarys.

(Ýerewan şäheri, 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabry)

Soňky habarlar
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow