Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tarak ben Salemden ynanç hatyny kabul etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Siziň Alyhezretiňizi Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Agzybirligiň we jebisligiň nyşany bolan bu baýramyň ähli adamzada parahatçylyk, asudalyk getirmegini arzuw edýärin.
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Siz köp ýyllaryň dowamynda Watanyňyza hyzmat edip gelýärsiňiz. Siziň parasatly syýasatyňyz netijesinde, Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar, halkara abraýyny yzygiderli pugtalandyrýar.
Sizi mübärek Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Siziň Alyhezretiňizi Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu mübärek baýramyň adamzada parahatçylyk we asudalyk getirmegini arzuw edýärin. Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk dileýärin.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow haj däp-dessurlaryny amala aşyryp, keramatly Mekge topragynda berlen gurbanlyk sadakasyna gatnaşdy.