Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Wena balyna gutlag
Syýasy habarlar
Wena balyna gutlag
Çap edildi 10.10.2023
2038

Pandemiýa zerarly iki ýyllyk arakesmeden soňra dünýäniň saz paýtagty Wena sizi ýene-de şäheriň gaýtalanmajak dünýäsine aralaşmaga we ýatdan çykmajak agşamy geçirmäge çagyrýar. Nusgawy sazyň Wena döwri diýip atlandyrylýan zamanynda bu şäher Gaýdn, Mosart, Bethowen ýaly meşhur kompozitorlara dünýä belli sazlaryny döretmäge ylham berdi.

Awstriýanyň paýtagty tansyň hem-de Wena bal däpleriniň halkara paýtagty hökmünde hem meşhurdyr. Tutuş dünýäde adamlar täze ýylyň başlanmagyny ady rowaýata öwrülen «Mawy Dunaý» wals tansy hem-de Ştrauslar neberesiniň agzalarynyň tans sazlary bilen belleýärler.

Wenanyň gaýtalanmajak dünýäsi bilen döredilen özboluşly we täsin sazy netijesinde däp bolan Wena ballary daşary ýurtlarda iri halkara çärelerine öwrüldi. Aşgabatdaky myhmanlarymyz her ýylda geçirilýän Wena opera balynda «Alles Walser!» çagyryşyny ýene-de eşidip bilerler.

Başga ýurtlarda geçirilýän Wena ballarynda Wena şäheri tutuş dünýä bilen durmuşy dabaralandyrýan dostluk ruhuny paýlaşýar.

Türkmenistandaky  Wena baly şatlygyň, parahatçylygyň we halkara özara düşünişmegiň nyşany bolup durýar.

Şulary göz öňünde tutup, çäräni guraýjylara uly üstünlikleri, ähli myhmanlara bolsa ýatdan çykmajak agşamy hem-de däp bolan Wena walsynyň jadyly owazy astynda Wenanyň gaýtalanmajak dünýäsinden lezzet almagy arzuw edýärin.

Mihael Lýudwig,
Wenanyň meri we gubernatory.

Soňky habarlar
27.08
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
top-arrow