Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
Syýasy habarlar
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
Çap edildi 10.10.2023
1735

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasaty häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Owganystanda bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken dostlukly döwletiň halkyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde we guramagynda ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Ynsanperwerlik ýüki derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma, azyk önümlerinden ybaratdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen başy başlanan we häzirki döwürde döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri goňşy we doganlyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunda türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga, asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Kyn günde hemaýat bermek, doganlyk goluny uzatmak türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir. Ýurdumyzda ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege goldaw bermek däpleri häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýär. Bu kömek köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyga duçar bolan adamlara ruhy goldawdyr. Munuň özi dostlukly ýurduň halkyna we ýolbaşçylaryna bildirilýän çuňňur hormatyň nobatdaky beýanydyr.

Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde şeýle kömegiň iberilmegi ynsanperwerligiň belent ýörelgeleriniň berkarar bolýandygyny alamatlandyrýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklaryny özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda üstünlikli ilerledýär. Ejir çekenlere goldaw bermek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň dessin kabul edilmegi Türkmenistanyň ählumumy derejede parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, ynsanperwer taglymlaryň dabaralanmagyna ygrarlydygynyň nyşanydyr.

Soňky habarlar
27.08
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
top-arrow