Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Çap edildi 09.10.2023
1561

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri Buýar Osmanini kabul etdi.

Demirgazyk Makedoniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň döredijilikli syýasaty alyp barýan, sebit hem-de halkara derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge möhüm goşant goşýan Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Myhman Türkmenistan bilen ÝHHG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň arasynda soňky ýyllarda gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň ähmiýetine ýokary baha berip, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meseleleri çözmekde ýurdumyzyň işjeň orun eýeleýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, bu sapara ýurdumyz bilen ÝHHG-niň, şeýle hem Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjek möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, oňyn daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär. Şunda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalarydyr taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu halkara düzümiň çäklerinde hereketleri utgaşdyrmagyň, döwletleriň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagyň möhümdigini nygtap, meseleleriň giň toplumy boýunça syýasy dialogy alyp barmakda ÝHHG-niň uly ornunyň bardygyny aýtdy. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigi, onuň dürli ugurlar boýunça maksatnamalaýyn esasda yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy.

Soňky ýyllarda parlamentara hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstüni ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy tarapyndan bilelikde «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly halkara maslahatyň üstünlikli geçirilendigi bellenildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda adam hukuklaryny, demokratik ýörelgeleri we kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmäge döwlet derejesinde möhüm orun berilýändigini aýdyp, bu ugurda ÝHHG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ünsi çekdi.

Energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini halkara derejede üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulaglaryň mümkinçiliklerini artdyrmak, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ugurlarynda bilelikde anyk çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň geljekde-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, ösüşi üpjün etmek üçin gurama bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmani ÝHHG bilen özara hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip hem-de Türkmenistanda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, öz tarapyndan ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan uzak möhletli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Demirgazyk Makedoniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijelidigini nygtadylar we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu ugurlarda özara hyzmatdaşlyk baradaky tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we jenap Buýar Osmani netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler hem-de birek-birege berk jan saglyk, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňky habarlar
31.03
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
31.03
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy: täze taryhy döwürde senagat taýdan ösüşiň nusgasy
31.03
Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda
31.03
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek bellenildi
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
30.03
Watanymyzyň gülläp ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
30.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 350 million 748 müň dollaryndan gowrak boldy
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
29.03
Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary
top-arrow