Resmi
11.07 2025

Ulag we aragatnaşyk toplumyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

11.07 2025

Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine 6 aý synag möhleti bilen bellemeli.

11.07 2025

Hajymyrat Şihmyradowiç Hudaýgulyýewi Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri wezipesine 6 aý synag möhleti bilen bellemeli.

11.07 2025

Döwran Reimbaýewiç Saburowy «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellemeli.

11.07 2025

Azat Hallyýewiç Şanazarowy Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellemeli.

11.07 2025

Röwşen Orazmyradowiç Işanowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

11.07 2025

Ysmaýyl Ýazmuhammedowiç Döwliýewi Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

11.07 2025

Saparberdiýew Rahym Annamuhammedowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

11.07 2025

Didar Annamämmedowiç Meredowy Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

11.07 2025

Ýakut Täçmyradowiç Öwezowy Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

148 sahypa
Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi