Resmi
11.07 2025

Nurbaýew Şatgeldi Çäşemowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

11.07 2025

Şyhmyrat Esenowiç Annaýewi Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

11.07 2025

Serdar Sähetgulyýewiç Meredowy, başga işe geçmegi sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

11.07 2025

Maksat Kowusowiç Annanepesowy Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

11.07 2025

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Meýmanowiç Genjiýewi şol bir wagtda Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeli.

11.07 2025

Begençmyrat Sapargeldiýewiç Orazowy Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

11.07 2025

Döwranberdi Orazberdiýewiç Annaberdiýewi Mary welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeli.

11.07 2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işini döwrüň talabyna laýyklykda has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesi girizildi.

04.07 2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatyny durmuşa geçirmek hem-de halkara we sebit derejesinde kabul edilen resminamalary iş ýüzünde amala aşyrmak, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

02.07 2025

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Muhammetmyrat Gurbanmyradowiç Sapargulyýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirliginiň müdiri wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

148 sahypa
Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi