Resmi
25.07 2025

Milli taryhy-medeni gymmatlyga eýe bolan serişdeleri döwlet tarapyndan hasaba almak we olaryň Döwlet sanawyny ýöretmek maksady bilen, şeýle hem “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

18.07 2025

Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

18.07 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak, adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, bu ugurda netijeli we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2025 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

13.07 2025

Döwletmämmet Ýazmämmedowiç Seýidowy Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň başlygy wezipesine bellemeli.

13.07 2025

Serdar Agamyradowiç Baýramowy Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.

13.07 2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Halmyradowiç Ataýew Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

11.07 2025

Nazar Halnazarowiç Agahanowy Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

11.07 2025

Mämmet Welmämmedowiç Akmämmedowy Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri wezipesine bellemeli.

11.07 2025

Begenç Meretgeldiýewiç Annadurdyýewi Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri wezipesine bellemeli.

11.07 2025

Sapbaýew Döwrangeldi Işangulyýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatmaly.

148 sahypa
Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi