Şu gün Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzuny kabul etdi.
Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Arkadag şäheriniň şanly senäniň hormatyna guralýan giň möçberli çäreleriň geçirilýän esasy merkezine öwrülmeginde bolsa çuňňur many bar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa we ýurduň ähli halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata-babalarymyzyň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şöhratly bedewlerimiziň şanyna döwlet derejesinde uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda behişdi bedewlerimiziň şanyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn
26-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Rizwan Han: Merkezi Aziýa sebitinde ýerleşýän, 7 milliondan gowrak ilatly Türkmenistana syýahat etdim. Bu ýyl Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny belleýär.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.