Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleri hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän nesil baradaky alada Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň özenini düzýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň gurluşygynyň batly depginde dowam edýän ýerine geldi. Häzirki wagtda gurluşyk işleri bellenilen tertipnama laýyklykda alnyp barylýar.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy, onuň enjamlaşdyrylyşy häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar. Şunda gurluşyklaryň we ulanylýan serişdeleriň ýokary hil derejesinde bolmagyna, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow binalar toplumynyň bezeg aýratynlyklaryna, okuw otaglarynyň enjamlaşdyrylyşyna degişli şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şunda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr.
Institutyň binalar toplumynyň, onuň mejlisler otaglarynyň, toplumyň ugurdaş desgalarynyň bezeg aýratynlyklary, olaryň enjamlaşdyrylyşy, okuw otaglarynda, beýleki bölümlerde hemmetaraplaýyn bilim almak we degişli tejribeleri geçirmek üçin döredilýän mümkinçilikler şu günüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Gahryman Arkadagymyz bu barada aýtmak bilen, toplumyň çäginde bina edilýän umumy ýaşaýyş jaýlarynda ähli zerur mümkinçilikleriň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde institutda işleýän mugallymlar üçin gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň enjamlaşdyrylyşy, otaglarynyň ýerleşdirilişi häzirki döwrüň ruhy bilen sazlaşmalydyr.
Milli Liderimiz bu işlerde hiç hili ownuk zadyň bolmaly däldigini, institutyň binalar toplumynyň, şol sanda naharhananyň, kitaphananyň üpjünçiligine zerur üns bermelidigini aýtdy. Ähli otaglaryň, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna, olaryň degişli mebeller bilen üpjünçiligine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir. Munuň özi talyplaryň bilimleri çuňňur özleşdirmeklerine, mugallymlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirer. Bellenilişi ýaly, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň talabalaýyk derejede gurulmagy, okuw otaglarynyň, barlaghanalaryň döwrebap ýagdaýda enjamlaşdyrylmagy ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, ýurdumyzyň hem-de dünýä ylmynyň, maglumat tehnologiýalarynyň ýokary gazananlaryny işjeň peýdalanmaga, ylmy-barlag işlerini has-da giňeltmäge mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzda gurluşygy meýilleşdirilen “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň binalarynyň şekil taslamalary bilen hem tanyşdy. Şunda çagalar üçin sport we oýun meýdançalary, medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen ýerler, amfiteatr, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek üçin niýetlenen meýdança, beýleki ugurdaş desgalar göz öňünde tutuldy.
Hormatly Arkadagymyz merkeziň çagalardyr ýetginjekleriň köptaraply ylymly-bilimli bolmaklary, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin ähmiýetlidigini belläp, meýilleşdirilen ähli işleriň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny aýtdy. Bu merkezde ýaş nesilleriň merdana halkymyzyň aň-bilim kuwwatyna, jemgyýetimiziň medeni-ruhy ösüşine, Watanymyzyň durmuş-ykdysady kuwwatyny artdyrmak ugrunda edilýän tagallalara göz ýetirmeklerine gönükdirilen işler amala aşyrylmalydyr.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow taslamalar baradaky hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzda hereket edýän Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň binasynyň könelip, onuň ulanyş möhletiniň geçendigini nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu kitaphananyň täze binasyny gurmak boýunça şekil taslamalarynyň taýýarlanandygyny aýtdy we olary Milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.
Gahryman Arkadagymyz taslamalar bilen içgin tanşyp, Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Merkezde çagalaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmeklerinde möhüm ähmiýeti bolan birnäçe ugurlar boýunça gurnaklaryň hereket etjekdigini nazara alyp, sanly tehnologiýalaryň we täzeçil usullaryň netijeli ulanylýan döwründe bu ýerde çagalar kitaphanasynyň gurulmagynyň ähmiýetli boljakdygyny belläp, Milli Liderimiz ugurdaş düzümleriň wekilleri bilen bilelikde onuň amala aşyrylmagyna girişilmelidigine ünsi çekdi.
Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezlerinde enjamlaşdyrylyşy we binagärlik çözgüdi babatda häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap kitaphanalar guruldy. Olaryň çäginde ýyldyzlary, asman jisimlerini ylmy esasda öwrenmäge niýetlenen obserwatoriýalaryň bolmagy kitaphanalaryň ähmiýetli bilim ojagy hökmündäki derejesini has-da artdyrýar. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde bina edilmegi meýilleşdirilýän çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde kitaphanany gurmak baradaky çözgüt hem Milli Liderimiziň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň beýanydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň çäginde alnyp barylýan abatlaýyş işlerine degişli taslamalar bilen hem tanyşdy. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän ynsanperwer ýörelgelerini, parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny alamatlandyrýan Bitaraplyk binasy halkymyzyň milli buýsanjydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen Bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen Türkmenistan halkara giňişlikde parahatçylygyň, ylalaşdyryjylygyň mekany hökmünde tanalýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan daşary syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň netijesidir.
Nygtalyşy ýaly, Bitaraplyk binasynyň çäginde iki sany muzeý hereket eder. Milli Liderimiz muzeýleriň birinjisinde “Baky ýoluň”, ikinjisinde bolsa “Bitaraplygy” diýen ýazgylaryň ýerleşdirilmeginiň çuňňur mana eýe boljakdygyna ünsi çekdi. Olarda türkmen Bitaraplygynyň taryhy ýoly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň başlangyçlary esasynda kabul eden Kararnamalarynyň many-mazmuny öz beýanyny tapmalydyr. Bitaraplyk binasynyň muzeýlerindäki gymmatlyklar ösüp gelýän ýaş nesilleriň Watanymyzyň taryhy ösüşine, dürli döwürlerde gazanan üstünliklerine, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna bolan buýsanjyny has-da artdyrar.
Wise-premýer B.Annamämmedow häzirki döwürde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygynyň batly depginde dowam edýändigi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabatda Stomatologiýa merkezi hem gurulýar. Merkeziň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyna, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle-de paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň depgini barha ýokarlanýar. Bu ýerde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygy hem dowam edýär. Paýtagtymyzyň çäklerinde gurulýan binalaryň hatarynda ýokary amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemeli. Şunda Aşgabat şäheriniň iri ýaşaýyş toplumlarynyň çäklerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary alnyp barylýar.
Şeýle hem häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede enjamlaşdyrylýan orta mekdepleriň gurluşyklaryna wajyp orun degişlidir. Häzirki wagtda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň köpçülikleýin gurulmagy bu ugurda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň möçberli işleriň oňyn netije berýändiginiň mysalydyr. Şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşyklaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Şunda köpugurly aýlawly ýollaryň, köprüleriň gurluşyklaryna aýratyn ähmiýet berilýär.
Soňky ýyllarda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy ugrunda tagalla edýän medeniýet we sungat işgärleri üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Aşgabadyň gözel künjeginde 4 müň orunlyk Medeniýet merkeziniň gurluşygy hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Şeýle hem hasabatda paýtagtymyzyň etegindäki ýaşaýyş toplumynyň çäginde häzirki zaman ülňülerine laýyk derejede enjamlaşdyrylan saglyk öýüniň gurluşygynyň batly depginde dowam edýändigi aýdyldy.
Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesinde we bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda anyk görkezmeleri hem-de degişli maslahatlaryny berdi.
Milli Liderimiz kesgitlenen wezipeleriň degişli derejede amala aşyrylmagynda hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna tarap ugrady.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan abatlaýyş we rejeleýiş işleri batly depginde dowam edýär. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza toplumyň çäginde oturdylmagy meýilleşdirilýän dürli binalaryň, oturgyçlaryň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri, ýapyk manežiň şekilleri görkezildi. Bellenilişi ýaly, bezeg işleri we binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän şekil taslamalary bilen içgin tanşyp, ýerine ýetirilýän işlerde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belledi. Bu ýerde amala aşyrylmaly işler Türkiýe Respublikasynyň “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” kompaniýasyna ynanyldy.
“Gap Inşaat” kompaniýasynyň wekili Rejep Akçy bu ýerde alnyp barylýan işler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz degişli işleriň toplumyň ähmiýetine laýyk derejede amala aşyrylmalydygyny belledi. Paýhasly pederlerimiziň dünýä beren milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerimiz biziň buýsanjymyzdyr. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, atlaryň çapuw ýodasyna Garagum sährasynyň ylmy esasda kesgitlenen künjekleriniň çägesiniň düşelmeginiň ähmiýetli hasaplanýandygyny belledi. Ähli gurluşyk işlerine, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, toplumyň enjamlaşdyrylyşyna, çapuw ýodalarynyň kada laýyk bolmagyna jogapkärçilikli we ylmy esasda çemeleşilmelidir.
Häzirki döwürde ýurdumyz tutuşlygyna ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi, şol sanda paýtagtymyzda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat ulgamlaryna degişli desgalaryň köp sanlysynyň gurluşygy alnyp barylýar. Munuň özi gurluşyklaryň aglaba köpüsiniň durmuş ulgamyna degişlidigini görkezýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.