Sizi Aşgabat şäherinde geçirilýän «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
Şu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda ählihalk baýramy — Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň synmaz jebisligini alamatlandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenilýär. Paýtagtymyz baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Azyk senagaty döwlet birleşigine hem-de Mary welaýatynyň häkimligine Mary welaýatynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Şu gün «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Berkarar döwletimiziň binýadyny, halkymyzyň demokratik ýoluny alamatlandyrýan bu ählihalk baýramy halkymyzyň jebisligini has-da pugtalandyrýar.
Sizi Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň mizemez esaslaryny özünde jemleýän, agzybirligimizi we jebisligimizi, parahatçylyk hem-de dostluk taglymatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygymyzy dabaralandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda uly dabaralara beslenip bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen hem-de öňdebaryjy şähergurluşyk ýörelgelerini özünde jemleýän Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde gurulmagy hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz saparyň çäklerinde ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alyp, Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine:
Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.