Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa gün tertibine goşandy: Bitaraplyk nukdaýnazaryndan garaýyş
Hepdäniň wakalary
Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa gün tertibine goşandy: Bitaraplyk nukdaýnazaryndan garaýyş
Çap edildi 06.05.2025
164

Şu ýyl hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýän Türkmenistan geçen döwrüň içinde ekologiýa bilen bagly meselelere yzygiderli we jogapkärli çemeleşýändigini görkezip gelýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda saýlanyp alnan bu ýol Diýarymyzyň diňe bir parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny kesgitlemek bilen çäklenmän, durnukly ösüşi, işjeň halkara hyzmatdaşlygy ugur edinýän milli ekologiýa strategiýasynyň kemala getirilmeginde hem möhüm şert bolup hyzmat etdi.

Türkmenistanyň Bitaraplygy ekologik wehimlere obýektiw we deňeçer garaýyş üçin berk binýady döredýär. Ekologik meseleler boýunça halkara dialoga işjeň gatnaşýan Türkmenistan adamzadyň geljegi bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegi ugrundaky tagallalara mynasyp goşant goşmak bilen, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy ýaly ýöriteleşdirilen edaralary, şeýle hem Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hem Türkmenistan ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda täze başlangyçlary öňe sürýär.

Şu ýylyň 4-nji aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen halkara klimat forumyndaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çäginde hemişe aýratyn orny eýeleýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda esasy wezipäniň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekden hem-de olary durmuşa geçirmek üçin üýtgewsiz şertleri döretmekden ybaratdygyna ünsi çekip, Ýewropa Bileleşiginiň howa gün tertibiniň meseleleri babatda geljegi uly hyzmatdaş hasaplanýandygyny nygtady. Esasy halkara konwensiýalara, şertnamalara we ylalaşyklara, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna hem-de Pariž ylalaşygyna bilelikde ygrarlylyk şeýle hyzmatdaşlyga esas bolup durýar.

2023-nji ýylda ýurdumyzda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara toparyň döredilendigini bellemek gerek. Şol ýylyň dekabrynda bolsa Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulandygy resmi taýdan yglan edildi. Mundan başga-da, howada metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň “Ýol kartasy” kabul edildi. Netijede, diňe 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda metan zyňyndylary 11 göterim azaldy. Bu bolsa meýilnamada bellenen derejeden ýokarydyr.

Bitaraplyk ýörelgelerine we kabul eden halkara borçnamalaryna laýyklykda, Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energetika, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, suw serişdelerini rejeli ulanmak, çölleşmä we ekerançylyk ýerleriniň hatardan çykmagyna garşy göreşmek, biodürlüligi gorap saklamak ýaly ugurlary öz içine alýan toplumlaýyn ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda energiýanyň öndürilişinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýynyň artdyrylmagy ugrunda işjeň çäreler görülýär. Munuň özi parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň azaldylmagyna, energetikanyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam edýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa, öz gezeginde, tebigy serişdeleriň sarp edilişini azaltmaga mümkinçilik döredýär.

Ilatyň ekologik medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy daşky gurşawa aýawly gatnaşyklary kemala getirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Giň gerimli bag ekmek çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi tebigatyň peşgeş beren mirasyna aýawly garaýan, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça ählumumy tagallalara goşant goşýan döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny belende göterýär. Bitaraplyk hukuk derejesine eýerýän ýurdumyz durnukly ösüş we ekologik meselelere jogapkärli çemeleşmegiň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň möhüm bölegi bolup durýandygyny, umumy meseleleri çözmekde netijeli halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim edýär.

Häzirki döwürde daşky gurşawy goramakda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz has-da ösdürilýär. Ýurdumyzda her ýylda geçirilýän ählihalk bag ekmek çäreleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Şu ýyl ýazky ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda-da bir günde tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 632 müň 498 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 260 müň 836 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.

Ekologik talaplara eýermek hem Türkmenistanyň şähergurluşyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawy goramaga innowasion çemeleşmeleriň anyk mysaly hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen kemala gelen Arkadag şäherini görkezmek bolar. Soňky ýyllarda dag eteklerinde giň möçberli tokaý zolaklary döredildi. Bu künjeklerde bag nahallary ekilende, ilkinji nobatda, toprak-howa şertlerine uly üns berilýär. Munuň özi Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjegiň tebigy aýratynlyklar bilen sazlaşmagynyň esasy şerti bolup durýar. Tokaý zolaklarynyň döredilmegi amatly howa gurşawynyň emele gelmeginde, ekologik ýagdaýyň degişli derejede saklanmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Arkadag şäherine “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň hem-de Hytaýyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň bu şäheriň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasynyň gowşurylmagy-da munuň aýdyň güwäsidir. Täze şäheriň çäginde döredilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylýar. Bu bolsa Arkadag şäheriniň keşbiniň has-da gözelleşmegini üpjün edýär. Şol bir wagtyň özünde binalaryň içki we daşky bezeg aýratynlyklaryna, olaryň ýanaşyk ýerleriniň, şähere barýan ýollaryň ýakalarynyň abadanlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Merkezi Aziýanyň merjeni, ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň biri hökmünde tanalýan Aşgabat ýurdumyzda ekologiýa degişli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Ak mermerli paýtagtymyzy bezeýän, köp sanly suw çüwdürimlerini özünde jemleýän ýaşyl seýilgäh zolaklary şäheriň gözelliginiň we binagärlik sazlaşygynyň üstüni ýetirmek bilen, amatly howa gurşawyny döredýär.

Hazar deňziniň ekologik taýdan goraglylygynyň, hususan-da, onuň aýratyn hukuk derejesiniň ygtybarly ulgamyny döretmek Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak strategiýasynyň möhüm wezipeleriniň hataryndadyr. Dünýä ummany bilen arabaglanyşygy bolmadyk bu iri içerki suw howdany dürli görnüşli ösümlik we haýwanat dünýäsine eýe bolmak bilen, tebigatyň hakyky merjeni hasaplanýar. Hazaryň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik bolup, olar sebitiň biologik dürlüligini emele getirýär. Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, Hazar deňzinde ekologik deňeçerligi üpjün etmäge, daşky gurşawy goramak boýunça ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşýar. Hazaryň kenarynda döwrebap şypahanalaryň, myhmanhanalaryň, senagat kärhanalarynyň gurulmagy, olaryň ekologiýa babatda halkara howpsuzlyk görkezijilerine laýyk gelmegi taslamalara bildirilýän möhüm talaplaryň biridir. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Garabogazkarbamid” zawodynyň, Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodynyň abraýly halkara guramalaryň daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny tassyklaýan güwänamalaryna mynasyp bolmagyny hem muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu maksatlarda gazanylan sepgitleriň, giň möçberli bag ekmek çäreleriniň esasynda hemişe gök öwüsýän tokaý zolaklary, täze seýilgähler döredilýär. Şeýle işleriň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem geçirilmegi bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär. Bu babatda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler ýurdumyzyň sebitlerinde durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň hem möhüm ugrudyr.

Garagumuň jümmüşinde döredilen “Altyn asyr” Türkmen köli giň sähranyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga şert döredýär. Merkezi Garagumda döredilen bu täsin suw desgasy dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagumda amatly howa gurşawynyň emele gelmegine, onuň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyna oňaýly täsirini ýetirýär. Halkara hyzmatdaşlykda taýýarlanan «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi sebitiň ösümlikleriniňdir haýwanlarynyň endemik görnüşleriniň dünýä derejesinde goralmagyna ýardam berýär.

Döwletimiz ekologiýa syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görmek bilen, ilkinji nobatda, bu ugurdaky işleri kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny döredýär. Şunda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmak hakynda düzgünler berkidilendir. “Ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgelerinden ugur alnyp, senagat toplumlaryny tehniki taýdan döwrebap enjamlaşdyrmak babatda zerur işler alnyp barylýar. Täze önümçilik düzümleriniň desgalarynyň gurluşygy, bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak işleri ekologik howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň we täzeçil çözgütleriň ulanylmagy arkaly durmuşa geçirilýär. Bu toplumlaýyn çäreleriň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda tebigaty goramak babatdaky döwlet syýasatynyň, milli, sebit we halkara derejede amala aşyrylýan hem-de häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli ekologik maksatnamalaryňdyr taslamalaryň esasy ugurlary bolup durýar.

Parahatçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly Türkmenistanyň Konstitusiýa esasynda berkidilen Bitaraplyk hukuk derejesi daşky gurşawy goramak boýunça tagallalarda ýurdumyzy ygtybarly we möhüm hyzmatdaşa öwürýär. Halkara forumlarda öňe sürülýän başlangyçlar Türkmenistanyň adamzadyň durnukly geljegini üpjün etmäge mynasyp goşant goşmaga çalyşýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram edýän Watanymyz ählumumy ekologik wehimleriň netijeli çözülmegi üçin möhüm binýat bolan aýratyn hukuk derejesini ulanmak bilen, ekologik meseleler boýunça halkara hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklaýar.

Soňky habarlar
07.05
Bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgeleri ýaşlar neşiriniň täze sanynda beýanyny tapýar
06.05
Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa gün tertibine goşandy: Bitaraplyk nukdaýnazaryndan garaýyş
06.05
Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary
06.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-fransuz ykdysady forumyndaky çykyşy
05.05
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
05.05
Gahryman Arkadagymyz Fransiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy
05.05
BSGG-yň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni
05.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 652 müň dollaryndan gowrak boldy
04.05
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş maksady
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
top-arrow