Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenilýär. Paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Şu gün eziz Diýarymyzda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenilýär. Paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Şol ýerde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşýar.
Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan, gahrymançylygyň we edermenligiň ajaýyp nusgasy hökmünde öçmejek şöhrata beslenen Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fridrih Merse Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.