17.02 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

17.02 2025

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy. 

16.02 2025

Geçen hepde döwlet ähmiýetli möhüm wakalara beslenip, ýurdumyzyň döredijilik ýoly bilen yzygiderli öňe barýandygyny aýdyň görkezdi. Ykdysadyýet, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, durmuş ulgamlarynda gazanylýan üstünliklerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeler syýasaty öz beýanyny tapýar.

16.02 2025

2025-nji ýylda Size hem-de Siziň ýakynlaryňyza bagtyýarlyk we üstünlikler arzuw edýärin.

15.02 2025

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi.

15.02 2025

Şu gün Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň VII maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar.

15.02 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

14.02 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

14.02 2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe we ýurduň ähli halkyna Serbiýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

14.02 2025

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň 2024-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.

1308 sahypa
Soňky habarlar
15.03
Ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri ýokarlanýar
15.03
Aşgabatda ilkinji gezek halkara moda görkezilişi guralar
15.03
Türkmen telekeçileri – ýurduň altyn gaznasy
14.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.03
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
14.03
Senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenleriň hünär synagyny geçirmegiň tertibi tassyklanyldy