Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Pagtaçy babadaýhanlary welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak, talabalaýyk saklamak boýunça degişli çäreler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, sebitde ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişine girişilip, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny taýýarlamak işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg etmek, meýdanlary ekişe taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow sebitde dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary, ýokary hilli gowaça tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny möwsüme taýýarlamak, olaryň ekişini guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işlerine girişildi. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Pagta öndürijileri gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatda medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg etmek we gowaça ekişine taýýarlyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatyň ak ekin meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň tohumlary doly taýýar edilip, olaryň ekişini bellenen möhletde geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň oba hojalygyny netijeli alyp barmagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, ekin meýdanlarynyň daş-töweregini arassalamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, ekiş geçiriljek ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişine girişilip, bu jogapkärli möwsümi öz wagtynda, ýokary hilli geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de häkime bugdaýa ideg etmek, gowaça ekişine taýýarlyk görmek işleriniň ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýyl Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak, ekiş möwsümine çenli olary talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatlarda ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny we tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň hiliniň agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi bilen berk baglanyşyklydygyny, şoňa görä-de, ähli oba hojalyk işlerinde, şol sanda bugdaýa ideg etmek we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak işlerinde bu kadalaryň berjaý edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işleri geçirmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we ýerleri talabalaýyk taýýarlap, ekişiň depginini güýçlendirmegi, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.