Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri ýokarlanýar
Ykdysadyýet
Ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri ýokarlanýar
Çap edildi 15.03.2025
3352

2025-nji ýylyň 18-nji martynda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçiriler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli guraljak serginiň we maslahatyň çäklerinde geçiriljek IFT-2025 Türkmenistanyň hususy böleginiň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak hem-de döwlet we hususy bölekleriniň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm meýdança bolup durýar. Forum ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin tanymal maýadarlary, telekeçileri, maliýe edaralarynyň we döwlet düzümleriniň wekillerini ýygnar. Munuň özi, Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiligine gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Bu waka ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň möhüm ähmiýetli ornuny ýüze çykaryp, öňdebaryjy halkara maliýe institutlary bilen birlikde, maýadarlaryň we bilermenleriň giň toparlarynyň hem ünsüni çekýär.

Iri möçberli forum halkara guramalardyr maliýe institutlary bilen birlikde, Russiýanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Estoniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Azerbaýjanyň, Ukrainanyň, Owganystanyň, Niderlandlaryň, Belarusyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň wekillerini bir ýerde jemlär. Meşhur habarlar gulluklary hem forumyň işine işjeň gatnaşyp, ony dünýä giňişliginde şöhlelendirmäge goşant goşarlar. Bu bolsa forumyň dünýä derejesindäki maýa goýum giňişliginde ähmiýetlidigini aýdyň ýüze çykarar.

Foruma gatnaşyjylara senagat, ulag, oba hojalyk, maglumat tehnologiýalary we beýleki pudaklardaky ileri tutulýan taslamalar bilen tanyşmaga, hususy işewürligi goldamak boýunça çäreleri öwrenmäge, halkara we ýerli maýadarlar, maliýe institutlary we işewürligiň wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga, sebitde işewürligi alyp barmagyň, maýa goýum etmegiň iň gowy dünýä tejribelerine bagyşlanan bilermenleriň maslahatlaşmalaryna mümkinçilik berler. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň işewürliginiň wekilleri mümkin bolan maýadarlara we hyzmatdaşlara öz taslamalaryny hödürlärler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny netijesinde geçirilýän IFT-2025-iň diňe Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem ähmiýetli waka bolmagyna garaşylýar.

Soňky habarlar
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
top-arrow