Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 17.02.2025
2434

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen  uçar kerosinini satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, nah mata we gysga süýümli pagta ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň  işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 56 million 840 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem nah matany, float aýnasyny, pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
14.08
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
14.08
Ruhy däpleriň dowamaty
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
13.08
Ylym we tehnologiýalar — ýurdumyzyň rowaçlygynyň kepili
13.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
13.08
«Arkadag» topary täze ýeňişleri nazarlaýar
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
top-arrow