Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 08.05.2025
97

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Bu baýram Russiýanyň we Türkmenistanyň halklary üçin ägirt uly ähmiýete eýedir. Biziň halklarymyz edermenligi, gaýduwsyzlygy bilen faşizmi ýeňen gahrymanlara — frontçulara hem-de tylda zähmet çekenlere uly sarpa goýýarlar. Ýeňşi getirenleriň şöhratly edermenligi baradaky hakydanyň saklanyp galmagynyň biziň döwletlerimiziň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginiň girewi boljakdygyna ynanýaryn.

Türkmenistanda ýaşaýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerimi, mähirli gutlaglarymy, şeýle hem berk jan saglyk, abadançylyk, uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir Putin,

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Ikinji jahan urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Size we doganlyk türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Bu şanly sene adamzadyň taryhynda iň gazaply uruşda ýeňiş gazanan doganlyk halklarymyzyň durnuklylygynyň, mertliginiň, hakyky edermenliginiň, gaýduwsyzlygynyň, jebisliginiň we agzybirliginiň nyşany bolmagynda galar. Biz söweş meýdanlarynda edermenlik görkezen, tylda tutanýerli zähmet çeken, halklarymyzyň parahatçylygyny we azatlygyny goran ata-babalarymyzyň ebedi hakydasynyň öňünde hemişe baş egeris. Olaryň hakyky gahrymançylygy biziň ýüreklerimizde baky saklanyp galar.

Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde özbek-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarjakdygymyza, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitjekdigimize ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Şanly senäniň — Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Onlarça ýyl geçse-de, bu şanly gün, hemişeki ýaly, jebisligiň, agzybirligiň, durnuklylygyň mysaly hökmünde biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy ýakynlaşdyrýan möhüm taryhy wakalaryň hatarynda galar. Beýik Ýeňiş baradaky hakyda nesilden-nesle geçirilýär, bizi täze ýeňişlere ruhlandyrýar, gaýduwsyzlygyň we mertligiň nyşany hökmünde bu şöhratly güni her ýyl bellemek bilen, Täjigistan azatlyk ugrunda ähli güýç-gaýratyny gaýgyrmadyk ata-babalarymyzyň edermenligine uly sarpa goýýar, olaryň hakydasynyň öňünde baş egýär, pederlerimiziň gaýduwsyzlygyna hem-de gahrymançylygyna buýsanýar. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň mizemez ruhuna daýanýan umumy taryhy mirasymyzyň biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň abadançylygynyň, sazlaşykly ösüşiniň bähbidine dostlukly gatnaşyklaryň we döredijilikli hyzmatdaşlygyň berk binýady bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, şu şanly günde Size berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu taryhy sene azatlyk we garaşsyzlyk ugrunda göreşen ähli halklaryň hakyky gahrymançylygynyň, ruhubelentliginiň, gaýduwsyzlygynyň nyşany bolup durýar. Ýeňiş getirenleriň edermenligi baradaky hakyda nesilleriň ýüreklerinde ýaşar we geljek nesiller üçin ahlak ýörelgesi bolup hyzmat eder. Adamzadyň taryhynda iň gazaply urşuň agyr synaglaryndan geçen halklarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine, onuň Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady bolup galjakdygyna ynanýaryn.

Şu baýramçylyk gününde ähli uruş weteranlaryna we tylda zähmet çekenlere berk jan saglyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart Tokaýew,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu sene biziň üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Parahatçylyk, azatlyk we geljek nesilleriň abadançylygy ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzyň edermenligi baradaky hatyra günüdir. Gyrgyz we türkmen halklary bu agyr synagdan bilelikde geçip, söweş meýdanlarynda hem-de tylda gaýduwsyzlyk görkezip, Ýeňşe öz goşantlaryny goşdular. Ýeňiş güni nesilleriň bitewüligi we dostlugy, ynsanlaryň ýüreklerinde müdimilik galjak taryhy hakykat barada ýatladýar. Biz hemişe pederlerimiziň gaýduwsyzlygyna sarpa goýarys hem-de olaryň şöhratly ýoluny dowam ederis.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin. Ýeňiş güni hemişe biziň jebisligimiziň we dostlugymyzyň nyşany bolup galar.

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli belarus halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Bu şanly günde biz esgerleriň deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, tylda zähmet çekenleriň gaýduwsyzlygy bilen geljek nesiller üçin ýaşamaga we azatlyga hukuk gazanan köpmilletli halklaryň beýik edermenligini şan-şöhrata besleýäris. Biziň umumy taryhymyzyň, Beýik Ýeňiş baradaky hakydanyň, dostlugyň hem-de birek-biregi goldamagyň mundan beýläk-de Belarus Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ygtybarly binýady bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat we ruhubelentlik, Siziň ýurduňyzyň halkyna bolsa bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Aleksandr Lukaşenko,

Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň ähli doganlyk halkyny şanly baýram — Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 9-njy maý millionlarça adam üçin hakyky synaga öwrülen gazaply urşuň tamamlanandygyny alamatlandyrýan aýratyn baýramdyr. Bu sene söweş meýdanlarynda we tylda görkezilen beýik edermenligiň, deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlygyň, hakyky gahrymançylygyň nyşany hökmünde biziň halklarymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna hemişelik girdi. Frontçularyň, öz Watanynyň azatlygyny, garaşsyzlygyny saklap galan ähli adamlaryň edermenligi we mertligi baradaky hakyda biziň ýüreklerimizde müdimilik ýaşar. Uruş ýyllarynyň agyr synaglaryndan mertlik bilen geçen halklarymyzyň dostlugynyň, agzybirliginiň, birek-biregi goldamagyň Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy üçin mundan beýläk-de ygtybarly binýat boljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, şu baýramçylyk gününde Size, ähli uruş weteranlaryna we tylda zähmet çekenlere, Türkmenistanyň ähli doganlyk halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Biz Watanynyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran, parahat, bagtyýar durmuş üçin göreşen pederlerimiziň edermenligini çuňňur hormat we hoşallyk bilen ýatlaýarys. Olar hakyndaky hakyda häzirki hem-de geljek nesilleriň kalbynda müdimilik orun alar. Agyr uruş ýyllarynyň synagynda taplanan doganlyk we özara goldaw bermek däpleriniň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de berk binýat boljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Türkmenistanda ýaşaýan uruş weteranlaryna we tylda zähmet çekenlere berk jan saglyk, uzak ömür, abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mihail Mişustin,

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen mähirli gutlaýaryn. Ýeňiş gününde biz faşistik basybalyjylary kül-peýekun edip, geljek nesiller üçin parahat durmuşy üpjün eden ata-babalarymyzyň edermenligini aýratyn mähir we buýsanç bilen ýatlaýarys hem-de olara çuňňur sarpa goýýarys. Elhenç uruş ýyllarynda taplanan doganlyk gatnaşyklarymyzyň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda sebitde howpsuzlygyň, durnuklylygyň bähbidine çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek üçin mundan beýläk-de synmaz binýat bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Türkmenistanda ýaşaýan ähli uruş weteranlaryna we tylda zähmet çekenlere Beýik Ýeňşiň ýubileýi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk, uzak ömür baradaky arzuwlarymy, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin!

Hormatlamak bilen,

Dmitriý Medwedew,

Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýarys. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş biziň kalbymyzda müdimilik galjak edermenlikdir. Ol synmaz erkiň we gujur-gaýratyň nyşanydyr. Fronta gatnaşanlaryň görkezen edermenligi we mertligi netijesinde bu gün biz parahat, abadan durmuşda ýaşaýarys. Goý, biziň ojaklarymyzda hemişe parahatçylyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk höküm sürsün!

Hormatlamak bilen,

Bakytžan Sagintaýew,

Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy.

Soňky habarlar
09.05
Parahat we asuda durmuşyň goragçylaryna baky şöhrat!
09.05
Türkmenistanda Ýeňiş güni bellenilýär
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
08.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kanslerini gutlady
08.05
Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
07.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow