09.02
2018
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen iri edaralary bilen netijeli aragatnaşyklaryň berkidilmegine, bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (UNESKO) bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär.
07.02
2018
Paýtagtyň medeniýet durmuşynyň aýdyň wakasy “Karawajo Türkmenistanda” sergisiniň açylyşy bilen boldy, ony Türkmenistanyň Medeniýet we Daşary işler ministrlikleri, şeýle hem ýurdumyzdaky Italiýanyň Ilçihanasy gurady.
07.02
2018
Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bu çäräniň guramaçylary boldular.
02.02
2018
Fewral aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasynda meşhur italýan suratkeşi Mikelanjelo Merizi da Karawajonyň saýlanan eserleriniň sergisi bar. Bu sergi 7-25 –nji fewral aralygynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler.
02.02
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky” Karara gol çekdi. Şu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi.
31.01
2018
2017-nji ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda Sagdynlyk we ruhubelentlik ýyly diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň her ýyly baý mazmunly we täsirli şygarda öz beýanyny tapýan jemgyýetçilik ähmiýetli mowzuga bagyşlamak däbi esasy durmuş gymmatlyklaryny özünde jemläp, yzygiderli dowam edýär.
24.01
2018
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýän iri möçberli medeni çäre iki döwletiň ugurdaş ministrlikleriniň arasynda 2017 — 2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna laýyklykda guralýar.
12.01
2018
Hökümetiň mejlisinde döredijilik çäresini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada wise-premýer A. Garajaýew hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, belarus medeniýetiniň günleri iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň arasynda 2017-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna laýyklykda hem-de türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýär.
01.01
2018
Şu gün Medeniýet ministrliginiň maslahat zalynda meşhur heýkeltaraş, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanynydaky ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Saragat Babaýewe “Hormatly Il ýaşulusy” diýen ady dakmak dabarasy boldy.
22.12
2017
22-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer A.Garajaýew geljek ýylyň “Türkmenistan –Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň maksatnamasynyň taslamasyny, şeýle hem 2018-nji ýylyň nyşanyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.