Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky hep­de­li­gi
Medeniýet
Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky hep­de­li­gi
Çap edildi 06.09.2018
2552

Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň il­çi­ha­na­sy bi­len bi­le­lik­de gu­ra­lan Ko­re­ýa­nyň türk­men paý­tag­tyn­da ge­çi­ril­ýän hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly-dra­ma teat­ryn­da ko­reý halk tans to­pa­ry­nyň çy­ky­şy bol­dy. Ko­reý me­de­ni­ýe­ti­niň tans sun­ga­ty­nyň mil­li ly­bas­la­ry, kö­pö­wüş­gin­li be­zeg se­riş­de­le­ri, däp bo­lan saz hem-de tä­sin ho­reog­ra­fi­ki kom­po­zi­si­ýa köp san­ly to­ma­şa­çy­lar ta­ra­pyn­dan şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­nyl­dy. Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky şu me­de­ni çä­re­si­niň açy­lyş da­ba­ra­syn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, me­de­ni­ýe­ta­ra alyş­ma­la­ryň, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry we dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­ny wa­gyz et­me­giň wa­jyp­ly­gy döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň umu­my dü­zü­min­de, dost­luk däp­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak­da yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­nyň or­nu­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­nyň gör­ke­zi­ji­si bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hal­ka­ra yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy, dür­li halk­la­ryň me­de­ni­ýet­le­ri­niň gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek, hyz­mat­daş­ly­gy we dö­re­di­ji­lik alyş­ma­la­ry ýo­la goý­mak ul­ga­myn­da oňyn sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çir­ýän­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady­na tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk söz­le­ri aý­dyl­dy. Şol gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy bol­sa halk­la­ryň ara­syn­da­ky hoş­ni­ýet­li dost­lu­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýar, pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yla­la­şy­gyň hem-de äh­lu­mu­my ösü­şiň ber­ka­rar bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da ge­çi­ril­ýän Ko­re­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky hep­de­lik­le­ri we Türk­me­nis­ta­nyň Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri, ko­reý tans to­par­la­ry­nyň ýur­du­myz­da­ky kon­sert­le­ri, ki­no gör­ke­ziş­ler we yn­san­per­wer hä­si­ýet­li beý­le­ki bi­le­lik­dä­ki çä­re­ler mu­ňa ýar­dam ed­ýär. Şu ge­zek­ki Ko­re­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky hep­de­li­gi­niň mak­sat­na­ma­sy dür­li wa­ka­la­ra baý bol­dy. Bu mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da Ko­re­ýa­nyň däp bo­lan ta­gam­la­ry­nyň ta­nyş­dy­ry­ly­şy hem bol­dy. “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen şy­gar as­tyn­da geç­ýän ýyl­da bu hep­de­lik äh­lu­mu­my ösü­şiň bäh­bi­di­ne hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da we ös­dür­mek­de örän wa­jyp­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türk­me­nis­tan —–Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ki­ta­byn­da: “Her bir şa­ha­sy ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na go­şul­ma­ga my­na­syp ha­sap­la­nyl­ýan Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň dö­re­me­gin­de hem, iş­jeň he­re­ket et­me­gin­de hem esa­sy orun­la­ryň bi­ri türk­men­le­re de­giş­li­dir. Yk­bal ýyl­dy­zy türk­me­ne gur­ma­gy, dö­ret­me­gi, bar­ha gül­le­dip ös­dür­me­gi, halk­la­ryň ara­syn­da ag­zy­bir­li­gi je­bis­leş­dir­me­gi, pa­ra­hat­çy­ly­gy go­rap sak­la­ma­gy, ru­hy ýö­rel­ge edin­me­gi owal­baş­da ba­gyş et­di”. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ki­ta­byn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, “Mu­nuň özi glo­bal­laş­ma­ga we umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na dü­şün­mä­ge, dün­ýä­de ýa­şa­ýan adam­la­ryň umu­my yk­ba­ly­na akyl ýe­tir­mä­ge il­kin­ji ädim­ler bol­dy”. Iki ýur­duň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de her ýyl ge­çi­ril­ýän dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň alyş­ma­la­ry, fes­ti­wal­lar hem-de yl­my mas­la­hat­lar Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň halk­la­ry­nyň me­de­ni­ýet­le­ri, däp-des­sur­la­ry we dün­ýä­ga­ra­ýyş­la­ry öza­ra çuň­ňur öw­ren­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Ko­re­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky hep­de­li­gi­ni ge­çir­ýän gün­le­rin­de aş­ga­bat­ly­la­ra hem-de paý­tag­ty­my­zyň myh­man­la­ry­na Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa­syn­da öz­bo­luş­ly ugur­la­ry şöh­le­len­dir­ýän hä­zir­ki za­man we ta­ry­hy çe­per ki­no­film­ler bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Soňky habarlar
09.03
Halkyň abadan durmuşy baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry
08.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara
08.03
Zenanlar we çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli GUTLAGY
08.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
07.03
Köp çagaly enelere belent sarpa
07.03
Mukamlar köşgündäki baýramçylyk konserti
07.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işleriň barşy bilen tanyşdy
07.03
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow