Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ýurdumyzyň teatrlarynyň festiwaly - sahna sungatynyň gözden geçirilişi
Medeniýet
Ýurdumyzyň teatrlarynyň festiwaly - sahna sungatynyň gözden geçirilişi
Çap edildi 01.07.2018
2621

Şu gün Türkmenistanyň Baş drama teatrynda ýurdumyzyň teatrlarynyň “Ýüpek ýoly — ýürek ýoly” atly festiwaly açyldy. Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan çärä gatnaşmak üçin ähli welaýatlardan teatr işgärleri paýtagtymyza bir hepdelik geldiler. Açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda geçirilýän bu festiwal aýratyn ähmiýete eýedir. Soňra paýtagtymyzyň alty teatry we welaýat teatrlarynyň dördüsi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby esasynda goýan sahna oýunlaryndan parçalary görkezdiler. Halklary we medeniýetleri ýakynlaşdyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan bu gadymy ýoluň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine ýetiren täsirini wagyz etmek pikiri sahna oýunlarynyň ählisiniň many-mazmunyny düzdi. Bu barada döwlet Baştutanymyzyň kitabynda milli taryhymyzyň, gadymy hekaýatlaryň we rowaýatlaryň, ýurdumyzyň häzirki durmuşynyň wakalarynyň mysalynda düýpli gürrüň edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gündogaryň hem-de Günbataryň siwilizasiýalaryny diňe bir söwda we ykdysadyýet babatda däl-de, medeni gatnaşyklarda hem ýakynlaşdyran bu taryhy ýoly gaýtadan dikeltmek boýunça başlangyçlary türkmen halkynyň ruhy we dünýägaraýşy jemlenen milli mirasymyzy Ýer ýüzünde wagyz etmegi-de göz öňünde tutýar. Çäräniň barşynda halk sazlary, türkmen şahyrlarynyň goşgulary hem-de zamanamyzy wasp edýän çykyşlar ýerine ýetirildi. Mundan başga-da 1 — 7-nji iýul aralygynda paýtagtymyzda görkeziljek sahna oýunlarynyň maksatnamasy bilen tanyşdyryldy. Asylly däbe görä, festiwala gabatlanyp, sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty”, “Amul — Hazar arasy”, “Ýüpek ýolunyň ýüregi”, “Gündogar ýyldyzy”, “Kerwenbaşynyň ogly”, “Gürgenç kyssalary”, “Daýahatyn”, “Ýüpek ýoly — ýürek ýoly”, “Ýüpek rowaýaty”, “Ýüreklere ýollar”, “Söýgi ummanynda küreksiz” atly teatr oýunlary bar. Şu gezekki festiwal milli teatr sungatyna täze öwüşginleri çaýar, ony döwrüň ruhuna kybap gelýän eserler bilen baýlaşdyrar. Bu eserler türkmen halkynyň watançylyk, edermenlik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýaly belent ruhy-ahlak ýörelgelerini äşgär edip, watandaşlarymyzy ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow