Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Medeniýet
Zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Çap edildi 05.09.2018
2618

Şu gün Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdym-saz bäsleşigi ajaýyp gala-konsert bilen tamamlandy. Bilim ministrligi, Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde geçirilýän bu döredijilik bäsleşigi ýurdumyzyň baş baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy. Ruhlandyryjysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bolan bu bäsleşik ençeme ýyl bäri jemgyýetde uly gyzyklanma döredip, zehinli çagalary — umumybilim berýän we sazçylyk mekdepleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň ähli künjeklerinden döredijilik merkezleriniň çagalaryny özüne çekýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly umumymilli bäsleşiginiň çäklerinde her ýyl geçirilýän bu bäsleşik dabaralaryň hatarynda ilkinji çäre hasaplanylýar. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen şu ýylda döredijilik bäsleşigi aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Zehinli körpe artistler ata Watanymyzy, onuň mirasyny we ajaýyp geljegini wasp etdiler. Bäsleşigiň baş maksady ösüp gelýän ýaş nesilleriň döredijilik ukybyny ýüze çykarmakdan, olara goldaw bermekden, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda, türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna söýgi esasynda terbiýelemekden ybaratdyr. Bäsleşigiň ýurdumyzyň welaýatlarynda guralan saýlama tapgyrlaryndan geçen çagalar şanly Garaşsyzlygymyzyň hormatyna guraljak dabaralaryň öňüsyrasynda paýtagtymyza ýygnandylar. Ýurdumyzyň baş sahnasynda çykyş etmek hukugyna eýe bolan körpeler öz arzuwlaryna tarap nobatdaky ädimi ätdiler. Festiwal ata Watanymyzyň ähli künjeklerinden zehinli çagalaryň bir müň üç ýüzden gowragyny ýygnady. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýaş aýdymçylaryň 15-si hem-de tans, aýdym-saz we halk döredijiligi toparlarynyň 23-si gatnaşdy. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny aýratyn tolgunma bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda aýdymyň we sazyň jadylaýjy güýjüniň halklary has-da ýakynlaşdyrýandygyny belledi. “Siziň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, berkararlygymyzy we bagtyýarlygymyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlaryňyz, ajaýyp sahna oýunlaryňyz, döredijilik ukyp-zehiniňiz, dostlugyň hem-de parahatçylygyň, bagtyýarlygyň we erkanalygyň senasy bolup belent ýaňlanýar. Watansöýüjiligi, dostlugy, döredijiligi ýörelge edinen bagtyýar çagalarymyz biziň guwanjymyz hem beýik geljegimizdir” diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda aýdylýar. Ýaş zehinleriň çykyşlary, yhlasly çagalary bolşy ýaly, ululary hem biparh goýmady. Müňlerçe adamlar sahnada ýaýbaňlandyrylan çykyşlara höwes bilen tomaşa etdiler hem-de ýerine ýetirilen aýdymlary, sazlary, tanslary we folklor çykyşlaryny uly ruhubelentlik, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Çykyşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaş nesilleri bilen geçiren duşuşyklary, Beýik Ýüpek ýoly hem-de Merkezi Aziýanyň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi ýola goýmakda Türkmenistanyň ägirt uly orny hakynda gürrüň berýän wideoşekiller bilen utgaşdy. Çykyşlaryň her birinde zehinli çagalar mähriban Watanymyza, bagtyýar çagalygy peşgeş eden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz söýgini, ata-babalarymyzyň mizemez däplerine hormaty hem-de ajaýyp geljege ynamy beýan etdiler. Gala-konsert halk zehinleriniň egsilmezdigini nobatdaky gezek görkezdi. Dabara gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň bilelikde ýerine ýetiren “Biz Watanyň balasy” atly aýdym “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” festiwalynyň senasyna öwrüldi. Tomaşaçylaryň el çarpyşmalary bilen has ökde we zehinli ýerine ýetirijileriň, ýeňiji diýen derejä mynasyp bolanlaryň atlary yglan edildi, olara we ýeňijilere milli Liderimiziň adyndan gymmat bahaly baýraklar we bäsleşigiň ýeňijisiniň diplomlary gowşuryldy. Körpeleriň her birine ýadygärlik sowgatlar hem gowşuryldy. Munuň özi çagalary geljekki bäsleşiklere gatnaşmaga, döredijiliginde ýeňiş gazanmaga bolan arzuwyna ýetmäge ruhlandyrdy. “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda olar ýaş nesliň bagtly durmuşy barada edýän atalyk aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljekde hem oňat okamak, döredijilik bilen meşgullanmak hakynda mähriban Arkadagymyzyň wesýetlerine eýerjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňky habarlar
23.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna ugrady
23.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
23.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady
23.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
22.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
2024-nji ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
21.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow