Baş sahypa
\
Medeniýet
\
«Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Medeniýet
«Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Çap edildi 20.08.2025
4740

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça başyny başlan asylly işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda türkmen halkynyň milli bagşyçylyk we saz sungatyny ösdürmek, ýaş bagşy-sazandalary höweslendirmek maksady bilen, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň möhüm ähmiýetini bellemek gerek.

Dutarçylyk sungatynda parahatçylyk söýüji halkymyzyň durmuş pelsepesi, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Halk bagşylarynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän bu sungaty ähli döwürlerde aýratyn hormat-sarpa mynasyp bolupdyr. Häzirki wagtda türkmen dutarynyň şirin owazy berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň waspy, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň mukamy bolup ýaňlanýar. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

...Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde, medeniýet ulgamy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Medeniýet ulgamynyň kämilleşdirilmegi halkymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmaga, jemgyýetimizde watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrmaga uly ýardam berýär. Ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, täze medeni maksatly binalary gurmak, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmek, döredijilik işgärlerini höweslendirmek babatda iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli bagşyçylyk sungatyny kämilleşdirmäge, täze aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmaga, il içinden sungata höwesli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga döwletimiz tarapyndan uly üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi hem geljekde aýdym-saz sungatyny has-da ösdürmäge ukyply nesilleri ýüze çykarmakda, olary höweslendirmekde özboluşly ähmiýete eýedir.

Döredijilik bäsleşigine 18 — 35 ýaş aralygyndaky ýerine ýetirijileriň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridiginiň güwäsidir. Onuň jemleýji tapgyryna Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşdy. Ilki bilen, dutarçy sazandalaryň çykyşlaryna orun berildi. Çalnan halk sazlarynda halkymyzyň milliligi, durmuş pelsepesi, ruhy dünýäsi öz beýanyny tapdy. Dutarçy sazandalaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan dünýäniň dürli halklarynyň sazlary, şol sanda nusgawy sazlar çärä özboluşly öwüşgin çaýdy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Çalsana, bagşy!» aýdymy dabaranyň iň şowhunly pursatlarynyň birine öwrüldi.

Soňra bäsleşigiň ikinji bölüminde türkmen halk aýdymlary ýerine ýetirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar aýdym-sazlary aýratyn joşgun we ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bagşy-sazandalaryň halk sazlaryny hem-de aýdymlary ýurdumyzyň dürli sebitlerine mahsus ýol-ýörelgeler esasynda ýerine ýetirmekleri bäsleşigiň köpöwüşginli häsiýetli bolmagyny şertlendirdi. Konsert maksatnamasynda halkymyzyň saz medeniýetini, onuň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini wasp edýän çykyşlara möhüm orun berildi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren «Parahatçylyk aýdymy» atly aýdymy ýurdumyzda durmuşa geçirilýän dost-doganlyk syýasatyna, halkymyzyň abadan durmuşy, milli medeniýetimiziň dünýäde wagyz edilmegi ugrunda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryna belent buýsanjyň senasy bolup ýaňlandy.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň 14-siniň atlary yglan edildi we olaryň her biri ýörite diplom hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. Şeýle hem «Çalsana, bagşy!» bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýaşlaryň döredijilik başlangyçlarynyň goldanylmagy, milli medeniýetimiziň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän döwlet Baştutanymyza hoşallyk beýan edilýär hem-de ýaşlaryň ussat bagşylaryň döredijilik ýoluny mynasyp dowam etdirijiler hökmünde milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek babatda yhlasyny gaýgyrmajakdyklary bellenilýär.

Soňky habarlar
25.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
24.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
24.11
Watanymyzyň rowaçlygy we netijeli hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
24.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
24.11
Türkmen tennisçileri Bahreýnde geçirilen Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar
24.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 150 müň dollaryndan gowrak boldy
22.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi
22.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda
22.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
top-arrow