Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan, giň möçberli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Watanymyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny hemmetaraplaýyn demokratiýalaşdyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bu maksatnamalaryňdyr taslamalaryň baş maksadydyr.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.
Ýurdumyzyň maýa goýum meýilnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, 2023-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, 2023-nji ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk görmek işi dowam edýär. Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň çakylygy boýunça GDA-dan synçylar topary 8-nji martda öz işine başlady. Häzirki wagtda topary düzmek işi dowam edýär. Onuň düzümine GDA gatnaşyjy döwletleriň merkezi saýlaw toparlarynyň, Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentleriniň, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň girizilmegi meýilleşdirilýär.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysynda öz ähmiýeti boýunça taryhy sahypany açan şanly wakadan — ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine Serdar Berdimuhamedowyň saýlanylmagyndan bäri laýyk bir ýyl geçdi. Halkymyz hormatly Prezidentimize öz ykbalyny we mähriban Watanymyzyň geljegini ynandy. 2022-nji ýylyň 12-nji martynda ildeşlerimiziň millionlarçasy özleriniň konstitusion hukugyny peýdalanmak bilen, açyklyk we aýdyňlyk, giň bäsdeşlik esasynda, hereket edýän milli kanunçylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilen bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşyp, raýatlyk borçlaryny berjaý etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Li Sýany Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine bellenilmegi bilen gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Li Sýany Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine bellenilmegi mynasybetli gutlady.