Sizi Watanymyzda her ýyl giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda hem döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak üçin täze, belent sepgitler kesgitlenildi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň halkara ähmiýetli wakalara baý günlerinde Size Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy mynasybetli Sizi türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Allatagalanyň rehimdarlygyny alamatlandyrýan mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemiratdan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli buýsanjymyz, halkymyzyň gymmatly mirasy, Döwlet tugramyzyň bezegi bolan ahalteke bedewi häzirki wagtda täze taryhy eýýamyň özgertmeler syýasatynyň netijesinde Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň, döredijilikli ösüş kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we dostlukly ýurduň halkyna Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýugäni kabul etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy. Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu bolsa gatnaşyklary has-da öňe ilerletmekde möhümdir. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda şu gezekki sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sahypany açar.
Şu gün ýurdumyzda 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy diýlip yglan edilen Köneürgenç etrabyna 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda açylyp ulanmaga berlen Bitaraplyk şäherçesinde guraldy.
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady.