01.04 2026

Sizi hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyny Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bahar paslynyň gelmegini, tebigatyň täzelenmegini, jebisligini alamatlandyrýan bu nurana baýram mynasybetli Size bagtyýarlyk, berk jan saglyk, ajaýyp ýurduňyza parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

31.03 2026

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi.

31.03 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda innowasion ösüş strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan energetika taýdan kuwwatly döwlet hökmünde dünýädäki ornuny pugtalandyrýar.

31.03 2026

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi.

31.03 2026

Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

30.03 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

30.03 2026

Nowruz baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. Nowruz baýramy, amerikan topragynda bolşy ýaly, bütin dünýäde hem parahatçylygyň dabaralanmagyny alamatlandyrýar. Şu ýylyň bolsa köp sanly asylly işlere baý bolmagyny dileg edýärin.

30.03 2026

Syýasy durnuklylyk, ýurduň ykdysadyýetiniň yzygiderli ösüşi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ajaýyp netijeleridir.

30.03 2026

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.

29.03 2026

Şu gün Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi. Şäheriň baýramçylyk meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan çäreler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi.

 

1461 sahypa
Soňky habarlar
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
A.Ö.Gurbannazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
02.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.04
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady