Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurt liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar
Syýasy habarlar
Daşary ýurt liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar
Çap edildi 31.10.2017
1373

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Garaşsyzlygyň 26 ýyllygy mynasybetli gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. “Horwatiýa Respublikasynda Türkmenistan bilen dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berilýär. Mundan beýläk hem bilelikdäki tagallalarymyz umumy hyzmatdaşlyga, iki döwletiň kuwwatyny doly durmuşa geçirmek maksady bilen, ykdysady hyzmatdaşlygymyzy has-da giňeltmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, Siziň tiz wagtda Horwatiýa Respublikasyna sapary amala aşyrmagyňyza umyt edýärin” diýlip Horwatiýanyň Prpezidenti Kolinda Grabar Kitarowiçiň iberen gutlag hatynda aýdylýar. Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom – çäk düzüminiň baştutany Irina Wlah hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gagauz halkynyň adyndan we hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlagyryny iberdi. Siziň Awtonomiýamyza yzygiderli berýän ünsüňize we goldawuňyza ýokary baha berýäris, doganlyk türkmen we gagauz halklarynyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň parahatçylygyň hem-de özara düşünişmegiň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine ynanýarys – diýlip gutlag hatynda bellenilýär.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow