Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 22.09.2026
35

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Geçen ýyl Siziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Týanszin sammitine hem-de ikinji jahan urşunda hytaý halkynyň gazanan ýeňşiniň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaýa amala aşyran saparyňyzyň dowamynda Pekinde geçiren duşuşygymyzda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary hem-de dürli ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça pikir alyşdyk. Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärin we iki ýurduň halklarynyň bähbidine Hytaýyň hem-de Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigini” gurmagy ilerletmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk, işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegini dowam edip, dünýä giňişligindäki abraýyny barha pugtalandyrýar. Biz Siziň ýurtlarymyzyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryňyza ýokary baha berýäris. Biz Russiýanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň, Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki işlerimizi dowam etdireris.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir Putin,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Ýakynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparyňyzyň dowamynda geçiren ilkinji duşuşygymyzdan hem-de baý many-mazmunly söhbetdeşligimizden soňra Sizi bu şanly sene bilen gutlamak meniň üçin aýratyn ýakymlydyr.

Geçen hepdede ýokary derejedäki duşuşygymyzyň dowamynda Siz bilen ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary barada giňişleýin pikir alyşmak meniň üçin aýratyn ähmiýetli boldy. Biziň ýurtlarymyzyň diňe bir energetika, senagat maksatly taslamalary amala aşyrmak bilen çäklenmän, eýsem, gämigurluşyk, demir ýol gurluşygy, täze şäherleri gurmak ýaly dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin gatnaşyklaryň binýadyny has-da giňeltmek boýunça ylalaşyga gelendiklerine guwanýaryn. Şeýle hyzmatdaşlyga daýanmak bilen, geljekde-de bilelikdäki tagallalar arkaly ýurtlarymyzyň halklarynyň abadançylygyna ýardam etjek hem-de iki ýurduň milli bähbitlerine laýyk gelýän oňyn netijeleri gazanjakdygymyza ynanýaryn.

Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, çuňňur hormatlanylýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşniýetli arzuwlarymy, mähirli salamymy ýetirmegiňizi haýyş edýärin!

Li Çže Mýon,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň baştutanlygyňyzda dostlukly Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde we halkara giňişlikde täze üstünlikleri gazandy.

Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, Türkmenistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işleriňiziň üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Aleksandr Lukaşenko,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny bellemek ýakymlydyr. Türkmenistanyň ygtybarly ösüşi, halkara abraýynyň has-da belende galmagy üçin berk binýady döretmäge gönükdirilen syýasat amala aşyrylýar. Munuň özi şu ýyl şanly 35 ýyllygy bellenilýän döwlet Garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de döredijilikli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak meselelerine hemişe uly üns berýändigiňize ýokary baha berýärin. Halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine bu döredijilikli gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmek boýunça bilelikdäki işi dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigimizi nygtaýaryn.

Bu şanly günde, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkynyň isleg-arzuwlaryny durmuşa geçirmegiň ýolunda egsilmez güýç-kuwwat hem-de täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Ýokary derejede kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilmegi netijesinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehnologiýa, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar, dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilelikdäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň we özara bähbitli täze başlangyçlar bilen çykyş etmegiň Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mihail Mişustin,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Siz ýurduňyzyň raýatlarynyň arasynda ýokary abraýa mynasyp bolup, Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin yzygiderli tagalla edýärsiňiz. Size giň möçberli we köpugurly döwlet işiňizde üstünlikleriň hemişe ýaran bolmagyny, egsilmez güýç-kuwwat, maksatlaryňyza ýetmek üçin ruhubelentlik arzuw edýärin. Goý, ýurduňyzyň bähbidine alyp barýan netijeli işleriňiz Size şatlyk getirsin, Türkmenistanyň halkynyň ynamy we goldawy bolsa strategik ähmiýetli taslamalardyr maksatnamalary durmuşa geçirmekde Size ygtybarly daýanç bolsun!

Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky arzuwlar bilen,

Rustam Minnihanow,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Doglan günüňiz mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!

Beýik Biribardan Size uzak ömür, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde ähli asylly başlangyçlaryňyzda uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk, Siziň parasatly baştutanlygyňyzda mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani,
Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siz döwleti we jemgyýeti ösdürmäge, türkmen halkynyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmäge, abadançylygyny hem-de ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, giň gerimli ykdysady-durmuş wezipeleriniň ýerine ýetirilmegine, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna uly goşant goşduňyz we goşýarsyňyz. Siziň halkara başlangyçlaryňyz, yzygiderli durmuşa geçirýän bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilikli syýasatyňyz sebit hem-de ählumumy derejede durnuklylygy, howpsuzlygy, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

Meniň işime uly üns berýändigiňiz üçin Size aýratyn hoşallyk bildirmek isleýärin. Munuň özi meni has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, syýasy we döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Oleg Kononenko,
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, “Ý.A.Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň başlygy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýurduňyzda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli tagalla edýärsiňiz. Geçen ýyllaryň dowamynda Siz watandaşlaryňyzyň belent ynamyna, hormatyna mynasyp bolduňyz. Olar geljekki has-da abadan durmuşy Siziň adyňyz bilen baglanyşdyrýarlar.

Türkmenistandaky Rus Prawoslaw ybadathanasynyň işine üns we goldaw berýändigiňiz üçin Size hoşallyk bildirýärin. Bu işler hemişe jemgyýetçilik aňynda üýtgewsiz ahlak gymmatlyklarynyň kemala gelmegine gönükdirilendir.

Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işleriňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kirill,
Moskwanyň we Bütin Rusuň Patriarhy.

Soňky habarlar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri we Dubaý Emirliginiň häkimine gynanç bildirdi
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
top-arrow