Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Russiýanyň nebitgaz senagatçylar birleşigi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanýar
Syýasy habarlar
Russiýanyň nebitgaz senagatçylar birleşigi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanýar
Çap edildi 26.10.2017
1441

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň nebitgaz senagatçylar birleşiginiň geňeşiniň başlygy Ýuriý Şafranigi kabul etdi. Myhman türkmen Lideri bilen görşüp, döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramy bilen mähirli gutlady we berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat hem-de Watanymyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi. Şunda ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan depginli ösýän Türkmenistan bilen işewür aragatnaşyklary berkitmäge rus işewürliginiň yzygiderli gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Biziň ýurdumyz rus hyzmatdaşlary bilen özara bähbitlere kybap gelýän netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Söhbetdeşligiň barşynda Ýuriý Şafranik Russiýanyň nebitgaz senagatçylarynyň täze bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşyp, geljegi uly türkmen bazarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigi barada aýtdy. Hususan-da, munuň özi uglewodorodlary hem-de beýleki gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gözlemäge, gazyp almaga we gaýtadan işlemäge degişli ulgamlardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmäge rus kompaniýalarynyň taýýardygyny goldap, nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmakda Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady hem-de russiýaly hyzmatdaşlara bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmek boýunça anyk teklipleri bermegi teklip etdi. Duşuşygyň ahyrynda türkmen Lideri we myhman uzakmöhletleýin, özara bähbitli esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow