Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
“Çalyk Holdingiň” başlygy hormatly Prezidentimize bilelikdäki taslamalaryň öňe ilerledilişi barada habar berdi
Syýasy habarlar
“Çalyk Holdingiň” başlygy hormatly Prezidentimize bilelikdäki taslamalaryň öňe ilerledilişi barada habar berdi
Çap edildi 26.10.2017
1515

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Türk işewüri döwlet Baştutanymyza duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk senesi bilen tüýs ýürekden gutlap, köptaraply işlerinde üstünlikler, şeýle hem türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny aýtdy. Ajaýyp üstünlikler hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylyk söýüjilikli we netijeli “açyk gapylar” syýasatyny amala aşyrýan özygtyýarly döwletiň başlangyçlary ählumumy guwanç döredýär. “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ägirt uly üstünliginiň munuň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistany hem-de Türkiýäni berk dostluk, doganlyk gatnaşyklarynyň, asyrlaryň çuňluklaryna siňip gidýän taryhyň, ruhy-medeni däpleriň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Türk kompaniýalary bilen netijeli işewür hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Türkmen Lideri durmuşa geçirilýän milli ykdysady strategiýanyň innowasion häsiýetli senagat düzüminiň kemala gelmegine hem-de durmuş ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegine gönükdirilendigini nygtap, iri döwlet taslamalarynyň amala aşyrylmagyna gurluşyk holdinginiň işjeň gatnaşýandygyny belledi. Türk işewüri köpýyllyk hyzmatdaşlygy dowam edip, ýurtda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmagyň öz kompaniýasy üçin belent hormatdygyny nygtap, birnäçe bilelikdäki taslamalaryň öňe ilerledilişi barada habar berdi. Duşuşygyň ahyrynda Ahmet Çalyk has-da netijeli hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, bildirilen ýokary ynamy ödemek üçin ähli güýjüni gaýgyrmajakdygyna türkmen döwletiniň Baştutanyny ynandyrdy.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow