Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Fransiýanyň işewür toparlary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Syýasy habarlar
Fransiýanyň işewür toparlary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Çap edildi 26.10.2017
1539

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Cifal” toparynyň prezidenti we baş direktory Žil Remini kabul etdi. Fransiýanyň kompaniýasynyň ýolbaşçysy milli Liderimizi Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdy. Žil Reminiň belleýşi ýaly, şu baýramçylyk günlerinde Aşgabatda bolmak onda uly kanagatlanma döredýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan netijeli syýasatyň Fransiýanyň we umuman, Ýewropanyň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen uzakmöhletleýin esasda hyzmatdaşlyk etmäge ýokary gyzyklanma bildirmegini şertlendirendigi nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ilkinji nobatda, hatarynda “Cifal” kompaniýasy bolan dünýäniň iri kompaniýalary bilen netijeli işewür gatnaşyklar üçin Türkmenistanyň hemişe açykdygyny belledi. Žil Remi dünýä işewürligi üçin ýurduň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşi bilen şertlendirilen türkmen bazarynyň örän özüne çekijidigini nygtap, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan uly möçberli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge fransuz hyzmatdaşlaryň örän işjeň gatnaşmaga ymtylýandygyny tassyklady.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow