Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
“NATA Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Syýasy habarlar
“NATA Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Çap edildi 26.10.2017
1528

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “NATA Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Namyk Tanygy kabul etdi. Holdingiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady . Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň innowasion senagat düzümini ýöretmäge we durmuş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen uzakmöhletli ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalaryň munuň üçin amatly şertleri döredýändigini aýtdy. Şol maksatnamalar bolsa Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn okgunly ösdürilmegini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge ýardam etmelidir. Bellenilişi ýaly, ençeme ýyllaryň dowamynda birnäçe desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýan “NATA Holding” özüni ýurdumyzda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Duşuşygyň barşynda myhman “NATA Holdingiň” bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagynyň geljekki meýilnamalary barada aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze taslamalara işjeň gatnaşmaga, şunda özüniň tejribesinden we kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýandygyny belledi. Duşuşygyň ahyrynda “NATA Holdingiň” ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy kompaniýanyň netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdigine, öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge has jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow