Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
“Interbudmontaž” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdi
Syýasy habarlar
“Interbudmontaž” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdi
Çap edildi 26.10.2017
1346

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Interbudmontaž” ukrain gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petrugy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen Liderini milli senenamamyzyň şöhratly senesi--uly ösüşleri gazanmak ýolunda ýurduň ajaýyp üstünliklerini alamatlandyrýan Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlady. Şunda iri düzümleýin taslamalar durmuşa geçirilýän Türkmenistan bilen ukrain kompaniýasynyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda dostlukly Ukrainanyň işewür toparlary bilen özara bähbitli gatnaşyk etmegi maksat edinýändigini belledi. Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde dürli ähmiýetli köpsanly desgalar yzygiderli bina edilýär, bu ulgamda öňdebaryjy tehnologiýalaryň we işläp taýýarlamalaryň işjeň ornaşdyrylmagy bilen, inženerçilik-tehniki ulgamlar doly döwrebaplaşdyrylýar. Bularyň ählisi uzakmöhletleýin esasda netijeli işewür hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Myhman “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň amatly maýa goýum ýagdaýyny nazara almak bilen, işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin hemme şertler üpjün edilen depginli ösýän türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de örän çynlakaý we jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy ukrain kompaniýasyna bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk hem-de alyp barýan uly möçberli işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow