Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aleksandr Tislenko “Altkomyň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny tassyklady
Syýasy habarlar
Aleksandr Tislenko “Altkomyň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny tassyklady
Çap edildi 26.10.2017
1351

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenkony kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimizi şanly sene—döwlet Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy bilen gutlap, ähli türkmen halkyna bagt, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi. A. Tislenko özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanmanyň uludygyny belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň durmuş-ykdysady ösüşiň giň gerimli maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrýan Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny senagatlaşdyrmak babatda ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen uzakmöhletleýin netijeli gatnaşyklar üçin açykdygyny nygtady. Milli Liderimiz “Altkom” maliýe-senagat toparynyň işewür gatnaşyklary berkitmek islegini goldady. A.Tislenko ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň daşary ýurtly işewürlere Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň şertleri döredýändigini belläp, “Altkom” maliýe-senagat toparynyň çalt depginler bilen ösýän Türkmenistana öz mümkinçiliklerini we iş tejribesini teklip etmäge taýýardygyny belledi. Topar çig maly çykarmakdan işläp taýýarlamaga hem-de gurluşyk serişdelerini taýýarlamakdan dürli maksatly desgalary taslamaga we gurmaga çenli pudaklaryň birnäçesinde ýöriteleşdirilendir. Duşuşygyň ahyrynda myhman kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, ýurdumyz bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga isleginiň uludygyny tassyklady hem-de öz kompaniýasyna bildirilen ýokary ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow