Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Samsung C&T” korporasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Samsung C&T” korporasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 26.10.2017
1346

Koreýanyň belli “Samsung C&T” korporasiýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Şin Kim kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi umumymilli baýramçylyk—ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Koreýaly işewür netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanmanyň bardygyny aýdyp, tutuş dünýäde bolşy ýaly, onuň ýurdunda hem Türkmenistanda bolup geçýän durmuş-ykdysady özgertmelere uly gyzyklanma bilen syn edýärler. Daşary ýurt maýalaryny çekmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny höweslendirmek üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçil başlangyçlaryna ýokary baha berýärler. Döwlet Baştutanymyz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, häzir amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalaryň ykdysadyýeti doly döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzümini döretmäge innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de iň gowy dünýä tejribesini çekmäge gönükdirilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu babatda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin, şol sanda dünýä bazarynda ýokary tehnologiýalar ulgamynda öňdebaryjy diýlip ykrar edilen “Samsung C&T” korporasiýasy bilen hyzmatdaşlyk üçin örän amatly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Myhman özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Bu ýerde daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin uly ýeňillikleri göz öňünde tutýan öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty netijesinde üstünlikli iş alyp barmaga ähli şertler döredildi.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow