Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Mejlisde Rumyniýanyň parlamentarileriniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Syýasy habarlar
Mejlisde Rumyniýanyň parlamentarileriniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Çap edildi 26.10.2017
1306

Mejlisde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli dabaralary gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Rumyniýanyň parlamentarileriniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Myhmanlar pursatdan peýdalanyp, türkmen deputatlaryny ýetip gelýän uly baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutladylar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar döwletara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşlerde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen ýol goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Rumyn wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň ýöredýän içeri hem-de daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda, şol sanda hukuk ulgamynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň maksatlary we wezipeleri bilen tanyşdyryldy. Iki ýurduň kanunçykaryjylaryna ýardam etmek, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryna, medeni--ynsanperwer, bilim we ylym, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Dabara gatnaşyjylar parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, şol sanda dürli derejedäki wekiliýetleri alyşmak arkaly işjeňleşdirmek barada pikirlerini beýan etdiler.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow