Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Mejlisi we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Mejlisi we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 26.10.2017
1376

Mejlisde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Drozd bilen duşuşyk boldy. Halkara guramanyň wekili parlamentarileri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy bilen gutlap, ähli türkmen halkyna bagt, parahatçylyk we rowaçlyk barada tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, sazlaşykly ösýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek ÝHHG-niň bähbitlerine doly kybap gelýär. Onuň Bitaraplyk derejesi Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň oňyn şerti bolup çykyş edýär. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alşyldy. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk pudaklary, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak, ynsanperwer ulgam görkezildi. Umumy ykrar edilen halkara kadalaryny we ölçeglerini milli kanunçylyga hem-de hukuk ulanyş iş tejribesine ornaşdyrmaga gönükdirilen täze taslamalary amala aşyrmagyň möhümdigi bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar parlament edaralaryny ösdürmek babatda netijeli gatnaşyklary berkitmek ugrunda pikirlerini beýan etdiler.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow