Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlaryň zähmet ýeňişleri hakyndaky hasabatlaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlaryň zähmet ýeňişleri hakyndaky hasabatlaryny kabul etdi
Çap edildi 25.10.2017
1336

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileriniň “ak altyn” taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi. Balkan welaýatynyň häkimi bolsa sebitiň gök ekerançylarynyň gazanan zähmet ýeňşi barada habar berdi. Döwlet Baştutanymyz obasenagat pudagynyň işgärleriniň öndürijilikli zähmeti netijesinde, ýurdumyza azyk bolçylygynyň üpjün edilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Watan harmanyna ýyl-ýyldan bugdaýyň bol hasylyny tabşyrýan gallaçylaryň işine aýratyn ähmiýet berilýändigini, olaryň güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlandyklaryny kanagatlanma bilen belledi. Öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileri ýetişdirilen hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak ugrunda depginli zähmetlerini dowam edýärler. Döwletimiz babadaýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmeti, bugdaýdan, gowaçadan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy üçin ähli zerur şertleri döredýär. Ilki bilen ellerinde pagtadan doldyrylan horjun bolan her welaýata wekilçilik edýän çagalar hormatly Arkadagymyzy hasyl ussatlarynyň gazanan zähmet ýeňişleri bilen gutladylar. Döwlet Baştutanymyz körpeleriň çykyşlary we arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, olara baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdy. Milli Liderimiz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň barşynda täze sepgitler gazanyldy. Bu maksatnama Watanymyzyň yzygiderli gülläp ösüşine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow