Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ekerançylaryny gazanan goşa zähmet ýeňişleri bilen gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ekerançylaryny gazanan goşa zähmet ýeňişleri bilen gutlady
Çap edildi 22.10.2017
1578

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýürdumyzyň babadaýhanlary möhüm oba hojalyk möwsümi bolan güýzlük däne ekişini tamamladylar we Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli gallaçylary we pagtaçylary, mehanizatorlary, oba senagat toplumynyň beýleki işgärlerini we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly üstünliklerine goşandy bolanlary nobatdaky zähmet ýeňişleri bilen gutlady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, oba hojalyk önümçiliginde öňdebaryjy tejribelere we pederlerimiziň baý ekerançylyk däplerine daýanyp, edermen daýhanlar netijeli zähmetiň ýokary nusgasyny görkezdiler. Olar möhüm ähmiýeti bolan möwsümi – bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde tamamladylar. Ýokary hilli we degişli guramaçylyk derejesinde geçirilen ekiş möwsümi geljekki bol hasylyň we watandaşlarymyzyň saçaklarynyň bereketiniň girewi bolup durýar. Türkmen gallaçylary Watanymyzyň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen, oba hojalyk pudagynyň we ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyýarlar. Pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, ony öz wagtynda ýygnap almak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi daýhanlaryň gazanan ýene bir üstünligidir. Pagta ýurdumyzyň halk hojalygy üçin möhüm çig mal bolup durýar. Pagtaçy kärendeçileriň, mülkdarlaryň, kombaýnçylaryň, sürüjileriň, miraplaryň, alym - agronomlaryň we beýleki hünärmenleriň döredijilikli zähmeti netijesinde “Ak altyn” tabşyrmak baradaky döwlet borçnamasy doly ýerine ýetirildi. Ýurdumyzda obasenagat toplumyny özgertmek, ony dünýä bazarynda ýokary girdejili, bäsdeşlige ukyply pudaga öwürmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Ekerançylaryň öndürijilikli zähmeti, bol hasyl ýetişdirmekleri we doly derejeli durmuşy ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Daýhanlara ýeňillikli bahalar bilen tehniki hyzmatlar ýola goýulýar. Olar dökünler, tohumlar, ekinlere zyýan berijilere garşy zerur bolan himiki serişdeler bilen üpjün edilýär. Döwletimiz ýokary öndürijiligi bolan we dünýä belli oba hojalyk tekhnikalaryny yzygiderli satyn alýar. Kärendeçiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyk öz wagtynda geçirilýär. Bu bolsa türkmen daýhanlaryna goşa zähmet ýeňşini gazanmaga mümkinçilik berdi. Olar garaşsyz Watanymyzyň şanly 26 ýyllyk baýramçylygyny uly zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow