Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady
Çap edildi 17.10.2017
1321

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sooronbaý Şaripowiç Žeenbekowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady. Milli Liderimiz gutlag hatynda Türkmenistanda Gyrgyz Respublikasy bilen deňhukuklylyk, ikitaraplaýyn bähbitlilik, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belläp, doganlyk ýurtlaryň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň biziň halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Sooronbaý Şaripowiç Žeenbekowa berk jan saglyk, abadançylyk we iň ýokary döwlet wezipesinde parahatçylygyň, öňe gitmegiň we Gyrgyz Respublikasynyň doganlyk halkynyň gülläp ösmegiň bähbidine uly üstünlikler arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow