Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ilkinji golf-klubuň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ilkinji golf-klubuň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Çap edildi 17.10.2017
1538

Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ilkinji golf-klubunyň açylyş dabarasy boldy. ... Golf- toplumynyň öňündäki meýdançada bu ýerde guralýan dabaralara gatnaşyjylar we köpsanly myhmanlar ýygnandylar. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary bar. Ýurdumyzyň belli döredijilik toparlary, özleriniň belent ruha beslenen aýdym-saz we horeografiýa çykyşlary bilen bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdylar. Täze toplum paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjeginde, “Ýyldyz” myhmanhanasynyň ýanynda ýerleşdi. Bu ýerde gurluşyk işlerini “Myradym” hususy kärhanasy alyp bardy. Ol ähmiýetli desgalaryň brnäçesini, şol sanda Hazaryň kenaryndaky “Awaza” spor toplumyny bina etdi. Häzirki döwürde ýerli hünärmenler golf-meýdançasy ýaly çylşyrymly desgalary gurmak işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Şeýle desgalaryň gurluşygyň tebigy aýratynlyklary we onuň bezeg serişdeleri boýunça çuňňur düşünjäni talap edýändigi bellärliklidir. Gurluşygyň taslama-konsalting işleri ABŞ-nyň “Niсklaus design” kompaniýasy bilen bilelikde alyn baryldy. Onuň ýolbaşçysy Jek Niklaus bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe gezek duşuşdy we ýurdumyzda golfy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýlelikde. milli Liderimiziň asylly başlangyçlarynyň ýene-de biri iş ýüzünde durmuşa geçirildi. Aşgabatda ajaýyp meýdançalary bolan kaşaň golf-kluby emele geldi. Sportuň bu görnüşi tebigy aýratynlyk bilen utgaşyp, bu ugra höwesekleriň toplumyny özünde jemlär. Geljekde bolsa sportuň bu görnüşi boýunça ussat türgenler kemala geler. Ýeri gelen aýtsak, bu taslamanyň baş maksady durmuş ulgamyndan ybarat bolup, ol adamlaryň abadan durmuşy we sagdyn dynç alşy üçin oňyn şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Mundan başga-da, dünýä ýüzünde şeýle desgalara bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelýän golf-meýdançasy paýtagtymyzda halkara çempionatlaryny, dünýä turnirlerini geçirmäge, şeýle hem syýahatçylary has köp çekmäge mümkinçilik berer.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow