Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti wezipelere bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti wezipelere bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi
Çap edildi 05.10.2017
2079

Döwlet baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň dokuz aýyna bagyşlanan mejlisinde degişli resminamalara gol çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen: Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç Myradow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Batyr Aganazarowiç Bazarow Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri; Nyýazly Myradowiç Nyýazlyýew “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipelerine bellenidi. Şöhrat Muhammetmyradowiç Goçmyradow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy, Röwşen Sapargulyýewiç Hydyrow Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy, Şöhrat Myradowiç Jepbarow Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Döwlet Baştutanymyz Ministrlper Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç Myradowy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Ykdysady geňeşinde Türkmenistandan wekil bellemek baradaky Karara gol çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen Soýeniçnazar Nurnazarowiç Selimow Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesine bellenilip, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek wezipesi onuň üstüne ýüklenildi, Azat Silapowiç Atamyradow Türkmenistanyň demirýol ulaglary ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow