Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Katar Döwletiniň Emiriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Katar Döwletiniň Emiriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Çap edildi 04.10.2017
1466

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli, doganlarça salamlaşyp, türkmen-katar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Bu gatnaşyklaryň köpasyrlyk taryhy kökleri bardyr hem-de mäkäm dostlukly gatnaşyklara we ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanandyr. Türkmenistanyň we Kataryň Baştutanlary däbe öwrülen döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny hem-de taraplaryň olary umumy bähbit üçin amala aşyrmaga taýýardygyny nygtadylar. Katar Döwletiniň Emiri pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi sentýabr aýynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu oýunlar Türkmenistanyň halkara sport hem-de Olimpiýa hereketine mynasyp goşandy bolup, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny, şol sanda sport döwleti hökmünde abraýyny has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, oňyn bitaraplyk we “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň sport babatda özara gatnaşyklar meselelerine uly üns berýändigini hem-de geljekde-de bu netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmegi maksat edinýändigini belledi. Bu gatnaşyklar döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi berkitmäge ýardam edýär. Söhbetdeşligiň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary hem-de geljek üçin meýilnamalary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynda onuň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady gatnaşyklaryna möhüm ornuň berilýändigini nygtap, däbe öwrülen ynsanperwer-medeni gatnaşyklarynyň ähmiýetini bellediler hem-de olary täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak babatda pikirlerini beýan etdiler. Telefon gepleşiginiň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we dünýä derejesindäki möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarly bolup galýandygy bellenildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani dostlugyň iň gowy däplerinde guralýan hem-de taraplaryň hoşniýetli erk-islegine daýanýan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň geljekde hem hemmetaraplaýyn berkidiljekdigine ynam bildirdiler hem-de birek-birege jan saglyk, işde üstünlik, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Telefon söhbetdeşligi katar tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Soňky habarlar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow