Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Çili Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Çili Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady
Çap edildi 03.10.2017
1422

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Çili Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Hose Manuel Silwa Widaurreden ynanç hatyny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny, özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmak işinde üstünlik arzuw etdi. Öz nobatynda, jenap Hose Manuel Silwa hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Çili Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi öz üstüne ýüklenen wezipäniň möhümdigini nygtap, Türkmenistan bilen giň möçberldi döwletara gatnaşyklary ýola goýmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Ileri tutulýan ugurlar duşuşygyň esasy meseleleriniň biri boldy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyga, şol sanda Günorta Amerikanyň ýurtlary bilen gatnaşyklara ygrarlydygy nygtaldy. Soňky ýyllarda bu döwletler bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýulýar. Ilçä ýurdumyzda toplumlaýyn maksatnamalaryň hem-de giň möçberli taslamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan, dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmeler barada gürrüň berildi. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryndaky özgertmelere aýratyn ünç berildi. Diplomat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilen ýeri bolan ak mermerli Aşgabadyň gözelligine haýran galýandygyny aýdyp, diňe bir sebit möçberinde däl, eýsem, dünýä möçberinde hem sport ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde bu ägirt uly wakanyň aýratyn ähmiýetini belledi. Jenap Hose Manuel Silwa iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýdyp, Çiliniň işewür toparlarynyň ulag, metallary we beýleki peýdaly gazylyp alynýan baýlyklary gaýtadan işlemek, himiýa we dokma pudaklarynda, obasenagat toplumynda, elektronika ulgamynda ýöriteleşdirilen türkmen hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Demokratik özgertmeler babatda Mejlisiň alyp barýan işi bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy. Şunda göni parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak barada pikir aýdyldy. * * * Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Çili Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow