Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan we Russiýa medeniýet, ylym we bilim ugurlaryndaky gatnaşyklaryň giňemegi boýunça maksatnamalary pugtalandyrdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistan we Russiýa medeniýet, ylym we bilim ugurlaryndaky gatnaşyklaryň giňemegi boýunça maksatnamalary pugtalandyrdylar
Çap edildi 02.10.2017
1729

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde gol çekilen ynsanperwer ugurda - bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň uly bukjasynyň ýokary derejede gol çekilen resminamalaryň üstüni ýetirendigini bellemek gerek. Olaryň hatarynda: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň (Sankt-Peterburg ş.) arasynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa institutynyň arasynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hakynda Ylalaşyk; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Federal döwlet awtonom bilim berýän ýokary bilim edarasy bolan “Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň (uniwersitetiniň)” arasynda Ylalaşyk; Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen I.M.Gubkin adyndaky Russiýanyň nebit we gaz döwlet uniwersitetiniň (Milli barlag uniwersiteti) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen Akademik S.P.Korolýow adyndaky Samara milli barlag uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen “M.F.Reşetnýow adyndaky Sibir döwlet ylym we tehnologiýalar uniwersiteti” ýokary bilim berýän federal döwlet býujet bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Russiýanyň D.I.Mendeleýew adyndaky himiýa-tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen “Russiýanyň binagärlik we gurluşyk ylymlar akademiýmasy” Federal döwlet býujet edarasynyň arasynda ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow