Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleri tamamlanandan soň döwletara resminamalar toplumyna gol çekildi
Syýasy habarlar
Ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleri tamamlanandan soň döwletara resminamalar toplumyna gol çekildi
Çap edildi 02.10.2017
1575

Ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleri tamamlanandan soň ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putiniň gatnaşmagynda: Mary şäheriniň häkimligi (Türkmenistan) bilen “Orýol şäheri” munisipal birleşiginiň dolandyryş edarasynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda Mary şäheri bilen Orýol şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak baradaky Ylalaşyga; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Krasnodar ülkesiniň Administrasiýasynyň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Maliýe ministrliginiň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy (Türkmenistan) bilen Tehniki kadalaşdyryş we metrologiýa boýunça federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda standartlaşdyrmak we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda 2018-2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; 2013-nji ýylyň 17-nji sentýabryndaky Deňiz ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek barada Teswirnama; Oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Migrasiýa ulgamynda ygtyýarly edaralaryň wekilhanalaryny özara açmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin Bilelikdäki Beýannama hem-de Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekýärler.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow