Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen we russiýaly Liderler Hazar deňziniň köptaraplaýan hyzmatdaşlygy meselesine seretdiler
Syýasy habarlar
Türkmen we russiýaly Liderler Hazar deňziniň köptaraplaýan hyzmatdaşlygy meselesine seretdiler
Çap edildi 02.10.2017
1441

Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzyň Hazar deňzindäki goňşusy bolup durýandygyny belläp, Hazary parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşygyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňişligine öwürmegiň möhüm ýagdaýy hökmünde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi. Bu ugurda, aýratyn-da, soňky ýyllarda köp işler bitirildi. Hazar deňziniň derejesi baradaky Konwensiýanyň üstünde bilelikde işlenilmegi tamamlanyp barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriň nobatdaky V maslahatynda oňa gol çekiljekdigine umyt bildirdi. Bu gün iri ulag merkezi hökmünde Hazar deňziniň orny anyk ýokarlanýar. Munuň özi Hazarýaka ýurtlarynyň özleriniň arasynda bolşy ýaly, daşarky bazarlara çykmak babatda hem söwda-ykdysady aragatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly taraplaryny açýan strategiki ugurdyr. Özara hereket etmegiň ulag düzüm bölegi mäkäm hukuk binýadyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, biz Hazarda söwda-ykdysady we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda bäştaraplaýyn ylalaşyklaryň kabul edilmegi ugrunda çykyş edýäris hem-de Hazarýaka döwletleriň V maslahatynda bu resminamalara gol çekiljekdigine umyt edýäris diýip, milli Liderimiz belledi. Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde netijeli hem-de hoşniýetli özara gatnaşyklary dowam etmegi möhüm hasaplaýar.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow