Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan Merkezi Aziýada Russiýa bilen ýygjam syýasy-diplomatik gatnaşyklary dowam etmäge taýýar
Syýasy habarlar
Türkmenistan Merkezi Aziýada Russiýa bilen ýygjam syýasy-diplomatik gatnaşyklary dowam etmäge taýýar
Çap edildi 02.10.2017
1600

Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň Merkezi Aziýadaky ýagdaýlary ösdürmek babatda hyzmatdaşlygy ýokary derejedäki türkmen-russiýa gepleşikleriniň aýratyn meselesi boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, taraplar bu ýerde pugta parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli hem-de maksada okgunly işleýär. Bu bolsa iki tarapyň strategiki bähbitlerine laýyk gelýär hem-de özara gatnaşyklarymyz bu maksada ýetmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky syýasy, ykdysady, ynsanperwer bähbitlerine hormat goýmak we düşünmek bilen garaýar, Russiýanyň sebitdäki ýagdaýlary ösdürmäge bolan çemeleşmelerine durnuklaşdyryjy, oňa sazlaşyklylyk berýän ýagdaý hökmünde garaýar diýip, türkmen Lideri aýtdy. Türkmen tarapy bu ugurda Russiýa bilen ysnyşykly hem-de udgamlaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň fewralynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýadaky ýagdaýlar boýunça syýasy geňeşmelere bildirilen özara düşünişmä hem-de netijelilige ýokary baha berdi. Biziň ýurdumyz Russiýa bilen owgan meselesini gyzyklanma bildirip ara alyp maslahatlaşmagy dowam etmegi möhüm hasaplaýar, şunda hem taraplaryň maksatlary gabat gelýär. Türkmenistan hem, Russiýa Federasiýasy hem Owganystandaky ýagdaýyň tiz kadalaşdyrylmagy, bu ýurtda milli ylalaşygyň diňe syýasy-diplomatik serişdeleri arkaly gazanylmagy ugrunda çykyş edýärler. Bu ýurdy parahat we durnukly, doly bahaly, deňhukukly hyzmatdaş hem-de sebitleýin we halkara ykdysady işlerine gatnaşyjy hökmünde görmek isleýärler. Gepleşikleriň barşynda owgan meselesi babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky özara hereketler arkaly mundan beýläk-de saklanylmagynyň maksadalaýyk hasaplanýandygy nygtaldy.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow