Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabatda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň arasynda gepleşikler başlandy
Syýasy habarlar
Aşgabatda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň arasynda gepleşikler başlandy
Çap edildi 02.10.2017
1464

Şu günüň ikinji ýarymynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin paýtagtymyza resmi sapar bilen geldi. Iki dostlukly döwletiň baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde RF-niň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Belent mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna uçaryň ýanyndan gaýdýan haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinden Russiýanyň Prezidentiniň ulag kerweni “Oguzhan” Prezident Köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde rus kärdeşi Wladimir Putini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri dostlarça görşüp, “Oguzhan” zalyna geçdiler. Ol ýerde belent mertebeli myhmanyň resmi garşylanyş dabarasy geçirildi. Hormat garawulynyň rotasynyň serkerdesi hasabat bereninden soň, Russiýe Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow rus kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. Belent mertebeli myhmany şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary mübäreklediler. Öz gezeginde Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň Baştutanyny Russiýa Federasiýasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp boýunça surata düşmek dabarasyndan soňra, türkmen Lideri mertebeli myhmany “Altyn” zala geçmäge çagyrdy. Şol ýerde ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde – iki tarapyň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam eder. Şondan soň ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy bolar. Iki ýurduň Liderleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde ýüzlenme bilen çykyş edreler.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow